16-17-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi.
Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri pugtalandyrmak işinde iň ýokary we ýokary derejede gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.
Parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Halkara we sebit guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi beýan edildi, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklara seredilip geçildi. Duşuşygyň aýratyn temasy hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem “ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň” wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, ynsanperwerlik ugrundaky gepleşikleri şu ýyl dowam etdirmek üçin özara gyzyklanma bildirildi.
Diplomatlar halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar we halkara energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň käbir meselelerine ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar daşary syýasat ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek tejribesini dowam etdirmek, şeýle hem hukuk binýadynyň giňelmegine itergi bermek barada ylalaşdylar.
Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze usullaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz hökümetara toparynyň we Energetika boýunça Iş toparynyň işini güýçlendirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Şeýle hem söwdanyň möçberini artdyrmak we bilelikdäki geljegi uly taslamalar barada jikme-jik pikir alşyldy. Aragatnaşyk söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryndan biri hökmünde kesgitlenildi.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar arheologiýa we muzeý işlerine aýratyn üns berip, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin birnäçe teklipleri beýan etdiler. Ýurdumyzda medeni çäreleri geçirmegiň oňyn netijesi bellendi. Mundan başga-da, Aşgabatda hereket edýän, ýurdumyzda fransuz dilini öwrenmekde üstünlikli işleýän “Fransuz institutynyň” aýratyn orny nygtaldy.
Fransuz wekiliýetiniň sapary dowam edýär, onuň çäklerinde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklar meýilleşdirilýär.