BMG-niň ilat gaz­na­sy şu ýy­lyň ap­re­lin­de Hin­dis­ta­nyň Hy­taý­dan oz­du­ryp, iň köp ilat­ly ýurt bol­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Mu­nuň Hy­ta­ýyň ila­ty­nyň ösü­şi­niň Hin­dis­ta­nyň­ky­dan pes­di­gi bel­le­ni­lip­di. Eý­sem, dün­ýä­niň haý­sy ýurt­la­ry­nyň ila­ty azal­ýar­ka?! Dün­ýä­de ila­ty 10 mil­liondan geç­ýän se­kiz ýur­duň ila­ty on ýyl­dan bä­ri azal­ýar. Bu ýurt­la­ryň ara­syn­da Ita­li­ýa, Por­tu­ga­li­ýa, Pol­şa, Ru­my­ni­ýa, Gre­si­ýa we Uk­rai­na ýa­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bar. Bu ýurt­lar­da ila­tyň azal­ma­gy­nyň dür­li se­bäp­le­ri bar. Em­ma äh­li­sin­de-de ça­ga dog­lu­şy­nyň azal­ma­gy esa­sy se­bäp bol­ma­gyn­da gal­ýar.
De­mog­ra­fi­ýa­da dog­ruş tiz­li­gi bir ze­na­nyň 15-49 ýaş ara­ly­gyn­da dog­rup bil­jek ça­ga sa­ny­ny aň­lad­ýar. Bü­tin­dün­ýä Ban­ky­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Gü­nor­ta we Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da dog­ruş tiz­li­gi­niň or­ta­ça 1,2-1,6 ara­ly­gyn­da­dy­gy bel­le­nil­ýär. Em­ma ila­tyň öň­ki dur­kun­dan gal­ma­gy üçin her ze­nan azyn­dan or­ta­ça iki ça­ga dün­ýä in­der­me­li. Köp ýurt­da ila­tyň azal­ma­gy­na ýa­şaý­jy­la­ryň dür­li se­bäp­le­re gö­rä, da­şa­ry ýurt­la­ra gö­çüp git­mek­le­ri se­bäp bol­ýar.
Ýew­ro­pa­nyň da­şyn­da Ýa­po­ni­ýa hem ila­ty azal­ýan ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da ze­nan­la­ryň dog­ruş tiz­li­gi ze­nan ba­şy­na 1,3, ýag­ny örän pes gör­ke­zi­ji. Mun­dan baş­ga-da Ýa­po­ni­ýa da­şa­ry ýurt­dan mig­rant gö­çüp bar­ma­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, Ýa­po­ni­ýa­nyň ila­ty 2011-2021 ýyl­la­ry ara­ly­gyn­da 3 mil­li­on­dan gow­rak aza­lyp­dyr.
Umu­my ila­ty se­kiz mil­liard­dan geç­ýän dün­ýä­de Hy­taý öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu ýurt­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ilat sa­ny­ny bel­li bir de­re­je­de sak­la­mak üçin dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­di. 1979-njy ýyl­da ýurt­da ýo­la goý­lan düz­gü­ne gö­rä, her bir maş­ga­la di­ňe bir ça­ga eýe bo­lup bil­ýär­di. Em­ma 2016-njy ýyl­da bu düz­gün ýa­ty­ryl­dy. Eý­ýäm 2017-nji ýy­lyň il­kin­ji bäş aýyn­da dün­ýä inen ça­ga­la­ryň 58 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­nyň maş­ga­la­nyň ikin­ji bä­be­gi­di­gi älim edi­lip­di. Em­ma bu uza­ga çek­me­di. Ge­çen ýyl ýurt­da dün­ýä inen ça­ga­la­ryň, şeý­le hem ila­tyň sa­ny­nyň aza­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­ler­men­ler mun­dan soň­ky ýyl­lar­da ila­tyň azal­ma­gy­nyň do­wam edip, 2100-nji ýy­la çen­li ýur­duň ila­ty­nyň hä­zir­ki­niň ýa­ry­sy ýa­ly­rak bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da 1,4 mil­liard tö­we­re­gi ila­ty bo­lan ýurt asy­ryň 771 mil­li­on ilat­ly bo­lar.
Rus­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa we Is­pa­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň 2030-njy ýyl­dan ila­ty­nyň aza­lyp baş­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Tu­tuş Ýew­ro­pa­da şu on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da ila­tyň aza­lyp baş­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ýüz­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li Ýew­ro­pa­da, Ame­ri­ka­da we Azi­ýa­da ila­tyň azal­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Af­ri­ka­da bol­sa ilat çalt dep­gin­ler bi­len kö­pe­ler. Çak­la­ma gö­rä, yk­ly­myň ila­ty 1,4 mil­liard­dan 3,9 mil­li­ar­da ýe­ter. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ila­ty­nyň 18 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýän Af­ri­ka 38 gö­te­rim­lik pa­ýa eýe bo­lar.