30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, hä­zir­ki wagt­da par­la­ment­le­riň döw­let dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar ýurt­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li dia­lo­gy ýo­la goý­ma­gyň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ral­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň Baş­ly­gy­nyň şu ge­zek­ki sa­pa­ry türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek, ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ryň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak üçin müm­kin­çi­lik dö­re­der. Şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, hormatly Prezidentimiz sa­pa­ryň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li bol­jak­dy­gy­na we kö­pu­gur­ly döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baştutanymyza Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prezidenti Wladimir Putiniň sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şeý­le-de myh­man iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, şol san­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň dep­gin­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ge­çen ýyl Mosk­wa şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­na tä­ze iter­gi be­ren­di­gi bel­le­nil­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň dost­luk­ly we stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­tal­dy. Öza­ra dü­şü­niş­me­giň, yna­nyş­ma­gyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra mah­sus bo­lan ýo­ka­ry de­re­je­si ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dür­mek üçin berk bin­ýat bo­lup dur­ýar.
Ne­ti­je­li sy­ýa­sy dia­log hem-de dür­li de­re­je­ler­dä­ki yzy­gi­der­li gat­na­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­dyr gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ta­rap­la­ryň türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri tas­syk­la­nyl­dy hem-de res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. Şeý­le-de, Aş­ga­bat­da bi­le­lik­dä­ki işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu­la­ryň hem­me­si döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­ga hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak bi­len bag­ly­lyk­da, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, se­na­gat, ulag we beý­le­ki ul­gam­lar­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri­niň we sub­ýekt­le­ri­niň ara­syn­da ýo­la goý­lan gö­ni gat­na­şyk­lar kö­pu­gur­ly iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Yn­san­per­wer ul­gam­da – ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar hem türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.
Iki döw­le­tiň we ola­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýe­ne-de bir mö­hüm gu­ra­ly hök­mün­de ga­ral­ýan par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­lyk söh­bet­deş­li­giň aý­ra­tyn ug­ry bol­dy. Şun­da ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň we ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün edil­me­gi üçin bu ug­ry ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy. Döw­let Baştutanymyz ýur­du­my­zyň bu hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge mun­dan beý­läk-de gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prezidenti Wladimir Putine mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň Baş­ly­gy Wýa­çes­law Wo­lo­din dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, mun­dan beý­läk-de dep­gin­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, üs­tün­lik, iki ýur­duň halk­la­ry­na bol­sa ro­waç­lyk hem-de aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di­ler.