Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda bu ýurda bolan resmi saparlary we onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri, gol çekilen resminamalaryň uly toplumy iki döwletiň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berdi.
Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri – ulag we logistika ulgamydyr. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edilen bilelikdäki Jarnamada ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Şol Jarnamada iki döwletiň ulag-logistika babatdaky uly mümkinçiliklerini nazara alyp, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de iki döwletiň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, taraplar Hazar we Ýakyn Gündogar sebitleriniň arasyndaky ugur boýunça amala aşyrylýan multimodal ýük daşamalaryny artdyrmagy maksat edinýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «AD Ports Group» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de ýurdumyzyň ulag pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygy ýola goýmagyň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi portlary dolandyrmak we logistik hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalar üçin bähbitli taslama bolup biler.
Täze taryhy eýýamda döwletimiziň yklymüsti ulag geçelgeleriniň çatrygy hökmündäki derejesi has-da ýokarlandy. Soňky ýyllarda awtomobil ýollarynyň milli ulgamy giňeldi. Halkara ulag gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzyň sebitleriniň ösüş depginine kuwwatly itergi berdi.
Bu pudagyň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan täze howa menzilleri we köprüler gurulýar, polat ýollar, awtobanlar çekilýär. Ulag ulgamynyň üsti häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli ýetirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ýollary düzümleri milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmak, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegini üpjün edýär.
Türkmenistan özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlygyny, şol sanda howa ýollarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar. Howa menzilleriniň häzirki zaman ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ykdysady ösüşiniň hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagynyň, halkara söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň we işjeňleşdirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamyna hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde garalýandygy, bu ugurda iki ýurduň port düzümlerini herekete getirmek bilen utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Onda taraplaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ulag gatnawlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtandyklary bellenilýär hem-de Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň hyzmatdaşlygynyň zerurdygy aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna Abu-Dabi şäherinde resmi saparyň ikinji gününde geçirilen «Türkmenistan – BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça giň möçberli işler geçirilýär, hususan-da deňiz ulag düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa we demir ýol ulag merkezleri hem-de geçelgeleri gurulýar.
Gülnäz BABAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.