Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýär. Bi­ri-bi­rin­den zy­ýa­da bo­lup gel­ýän, ýyl­la­ry ýyl­la­ra ut­gaş­ýan za­ma­na­nyň wa­ka­la­ry­nyň her­si ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen türk­men ili­miz öz aý­dyň er­tir­le­ri­ni, nu­ra­na gel­je­gi­ni gur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň di­ňe bir şu gü­nü­niň däl, eý­sem, gel­je­gi­niň hem röw­şen bol­ma­gy üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýär.
Wa­ta­ny söý­mek, il-gü­ne hyz­mat et­mek hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­si­dir. Ýaş­lar bi­ziň bag­ty­ýar gel­je­gi­miz we er­ti­ri­miz­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan we jem­gy­ýe­ti­miz­de giň­den ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp ka­bul edi­len «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ýaş­la­ry ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, Wa­ta­na we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ne, däp-des­sur­la­ry­na, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ylym-bi­li­me hö­we­si­ni art­dyr­mak ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gin­de uly güýç hasaplanýan ýaş­laryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip, ola­ra jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler yna­nyl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar ýaş­la­ry yl­ma, bi­li­me yh­las­ly ýa­pyş­ýar­lar, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­re iş­jeň gat­na­şyp, tä­ze döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra us­sat­lyk bi­len erk ed­ýär­ler, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­ýär­ler. «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär, Wa­tan bol­sa mert­le­ri beý­geld­ýär» diý­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem türk­men ýaş­la­ry­na uly ynam bil­dir­ýär.
Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry ka­nun taý­dan ke­pil­len­di­ri­lip, ola­ryň dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk bi­lim al­mak­la­ry, öz saý­lap alan hü­nä­ri­ne eýe bol­mak­la­ry, aň-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­le­ri, göz­ýe­tim­le­ri­ni gi­ňelt­me­gi, ylym we dö­re­di­ji­lik, be­den­ter­bi­ýe, sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­my­zyň ösü­şi ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­riň, ylym we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň de­re­je­si­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Tä­ze­çil usul­lar san­ly­laş­dyr­ma, yl­myň ga­za­nan­la­ry we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­tiň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň, umu­man, jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Şol san­da ýaş­la­ryň saý­lap alan hü­nä­ri bo­ýun­ça ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça bi­lim al­mak hem-de zäh­met en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek, ýaş­la­ryň te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­na gol­daw ber­mek we hö­wes­len­dir­mek ug­run­da hem uly ta­gal­la­lar edil­ýär. 2023-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan güý­je gi­ren «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da­ky» ka­nu­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň 32-nji mad­da­sy­nyň 7-nji ben­din­de ber­ki­di­li­şi ýa­ly, bi­lim eda­ra­sy­ny ta­mam­lan, ýa­ňy işe ka­bul edi­len ýaş hü­när­men­le­riň gir­de­ji sal­gy­dy­ny zäh­met döw­rü­niň bi­rin­ji ýy­lyn­da bel­le­ni­len ka­da­syn­dan 50 gö­te­rim, ikin­ji we üçün­ji ýy­lyn­da 25 gö­te­rim ýe­ňil­lik­li tö­le­me­giň ter­ti­bi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Sal­gyt ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da kes­git­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýaş­lar­da oku­wyň üz­nük­siz­li­gi­ni ga­zan­mak we ola­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, sal­gy­lan­ýan ka­nu­ny­my­zyň 26-njy mad­da­sy­nyň 8-nji ben­di­ne hem-de «Har­by borç­lu­lyk we har­by gul­luk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, umu­my bi­lim eda­ra­la­ry­ny ta­mam­lan ýaş og­lan­la­ryň ýo­ka­ry hü­när we or­ta hü­när mek­dep­le­ri­niň gi­riş sy­nag­la­ry­na gat­naş­ma­gy üçin, bir ge­zek müm­kin­çi­lik dö­ret­mek şer­ti bi­len, har­by gul­lu­ga ça­gy­ryş möh­le­ti­ni wagt­la­ýyn yza süý­şür­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li tas­la­ma­lar­dyr be­ýik iş­le­re ýaş­la­ryň gat­naş­dy­ryl­ma­gy ola­ra bil­di­ril­ýän uly ynam­dan ny­şan­dyr. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de gur­lan bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­nyň, sun­gat bi­na­sy­dyr beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ta­lyp ýaş­la­ryň gat­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len ne­sil­le­ri we dö­wür­le­ri bag­la­nyş­dy­ryp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar. Şeý­le çä­re­ler ta­lyp ýaş­lar­dyr ýaş hü­när­men­ler üçin öz­bo­luş­ly sy­nag mek­de­bi bo­lup dur­ýar.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri ýaş ne­sil­ler bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hem bi­zi buý­san­dyr­ýar, alyp bar­ýan iş­le­ri­miz­de has-da jo­gap­kär­li iş­le­me­gi­mi­ze iter­gi ber­ýär. Bu ba­ra­da Arkadagly Serdarymyz: «Biz hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­ne, ze­hi­ni­ne we yh­la­sy­na da­ýa­nyp, tä­ze ýyl­da-da eziz Wa­ta­ny­my­zy ro­waç­lyk­la­ryň ýur­du­na öwür­mek ug­run­da yh­las bi­len zäh­met çe­ke­ris» di­ýip nyg­ta­ýar. Biz hem öz ge­ze­gi­miz­de, hormatly Prezidentimiziň bil­di­ren uly yna­my­ny ödäp, Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de, onuň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek­de gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy gaý­gyr­ma­rys.
Ýaş­lar üçin her bir iş­de nus­ga­lyk gö­rel­de bol­ýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak, be­lent baş­la­ry­nyň aman bol­ma­gy­ny, il ýurt bäh­bit­li äh­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Öwez­ber­di GO­ÇOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň mu­gal­ly­my, po­li­si­ýa­nyň leý­te­nan­ty.