Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan 1992-nji ýy­lyň 2-nji iýu­lyn­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz 30 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri bu gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň do­wa­myn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak­da, bir­nä­çe howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­ri do­ly ara­dan aýyr­mak­da we luk­man­çy­lyk yl­myn­da dün­ýä­niň tä­ze, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­niň hem­-de ugur­la­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gin­de düýp­li ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Şeý­le hem ýur­du­myz bu gu­ra­ma we gu­ra­ma­nyň dü­züm­le­ri bilen öza­ra gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li gi­ňel­dip, luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy ul­ga­myn­da iş ýü­zün­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha be­len­de gal­dyr­mak­da, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak­da, yl­my mag­lu­mat­la­ry alyş­mak­da baý tej­ri­be top­la­dy.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk döw­re­bap­laş­dyr­mak işi­ne döw­le­ti­miz aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rýär. Yn­san sag­ly­gy­nyň go­ra­gy üçin iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ryň pu­da­ga giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni dün­ýä­de ösen döw­let­le­riň de­re­je­si­ne ýe­tir­mä­ge giň ýol aç­ýar. Yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky halk bäh­bit­li iş­le­riň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­ginde yn­san­per­wer­lik ýo­lu­ny saý­lap alan Di­ýa­ry­my­zyň bu ýol­dan ynam­ly öňe bar­ýan döw­let hök­mün­de dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy bar­ha art­ýar. Ýurdumyzda «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­ni yl­my taý­dan öw­re­nip, halk bäh­bit­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de hal­ky­my­za ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin hä­zir­ki­za­man anyk­la­ýyş we be­je­riş mer­kez­le­rin­de iş­le­ýän ýo­ka­ry de­re­je­de kä­mil luk­man­la­ry taý­ýar­la­mak işi­ne-de uly üns be­ril­ýär. Şu mak­sat bi­len ýur­du­my­zyň luk­man­la­ry luk­man­çy­lyk taý­dan ösen Ger­ma­ni­ýa, ABŞ, Ýa­po­ni­ýa ýa­ly döw­let­le­r­de iş we okuw sa­par­la­ryn­da bo­lup, hü­när­le­ri­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýär­ler.
Ýurdumyzda ama­la aşyryl­ýan yl­ma esas­la­nan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­raý­şy ke­ma­la gel­di. Ýur­du­myz­da gur­lan we gu­rul­ýan sag­lyk mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy we öz wag­tyn­da ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, sag­lyk äti­ýaç­lan­dy­ryş pas­port­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ne­ti­je­li­li­gi ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li bo­lan, ila­ty il­kin­ji, has­sa­ha­na, şy­pa­ha­na sag­ly­gy go­ra­ýyş kö­me­gi bi­len üp­jün ed­ýän eda­ra­la­ryn­da, şol san­da der­man­ha­na­lar­da elekt­ron mag­lu­mat ul­ga­my or­naş­dy­ryldy. Şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky sag­lyk mak­sat­ly äh­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da, pu­dak­lar­da elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy ul­ga­my dö­re­dil­ip işe gi­ri­zil­di. Onuň üçin hal­ka­ra bäs­le­şik­de se­çilip al­nan pot­rat­çy ze­rur en­jam­la­ry, se­riş­de­le­ri we elekt­ron me­ýil­na­ma üp­jün­çi­lik önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­mak we gur­na­mak iş­le­ri­ni alyp bar­dy, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak iş­le­ri hem üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Bu ul­gam Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki we we­la­ýat­lar­da­ky sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da işe gi­ri­zi­lip, bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ge­ri­mi has gi­ňel­dil­ýär.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­na or­naş­dy­ry­lan aw­to­mat­laş­dy­ry­lan mag­lu­mat ul­ga­my sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­syn­da gat­naw we ýa­tym­la­ýyn şert­ler­de be­jer­gi al­ýan nä­sag­la­ry luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­me­gi we ha­sa­bat res­mi­na­ma­la­ry­nyň elekt­ron gör­nüş­le­ri­niň ýyg­nal­ma­gy­ny, luk­man­çy­lyk mag­lu­mat­la­ry­ny sel­jer­me­gi üp­jün et­jek ýe­ke-täk mag­lu­mat–sel­je­riş gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ba­bat­da be­je­riş-öňü­ni alyş we be­je­riş-anyk­la­ýyş iş­le­ri me­ýil­leş­di­ril­di, gat­naw we ýa­tym­la­ýyn şert­ler­de be­jer­gi al­ýan nä­sa­gyň luk­man­çy­lyk kar­ta­sy­nyň ka­gyz gör­nü­şi­niň de­re­gi­ne elekt­ron gör­nü­şi gi­ri­zil­di. Stan­dart­laş­dy­ry­lan mag­lu­mat­la­ry ýyg­na­mak üp­jün edil­di, mag­lu­mat­la­ryň we anyk­la­ýyş şe­kil­le­riň ýe­ke-täk ba­za­sy dö­re­dil­di, luk­man­çy­lyk mag­lu­mat­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün edil­di, luk­man­çy­lyk res­mi­na­ma­la­ry­nyň bir ma­ny­ly ýö­re­dil­me­gi we ola­ry dol­dur­mak­da hem­me­ler bi­len ka­bul edi­len mag­lu­mat­na­ma­la­ry, be­ýan­la­ry ulan­mak ýo­la go­ýul­dy. Bu ul­gam be­je­riş-anyk­la­ýyş iş­le­ri­niň ne­ti­je­li gur­al­ma­gy­na, luk­man­la­ryň köp wagt we zäh­met ta­lap ed­ýän iş­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­mak ar­ka­ly ola­ryň zäh­met ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, luk­man­çy­lyk gul­lu­gy­nyň we bö­lüm­le­ri­niň ara­gat­na­şy­gy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­di.
Il sag­ly­gy­nyň hyz­ma­tyn­da du­ran luk­man­la­ryň her bi­ri öz işin­de, hal­ka ak ýü­rek­den hyz­mat et­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­lent wa­tan­çy­lyk hem adam­kär­çi­lik gö­rel­de­si­ne eýer­ýär­ler. Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na ösüş­le­ri hem üs­tün­lik­le­ri ba­gyş­la­ýan Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ma­hym Gu­by­ýe­wa,
I.Gan­di adyn­da­ky Aş­ga­bat luk­man­çy­lyk or­ta okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my,
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.