Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Demirgazyk – Günorta hem-de Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmekde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär.
Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň çäklerinde ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy kesgitlenendir. Olaryň hatarynda: ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda, ilki bilen, çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup durýar.
Häzirki wagtda döwrebap, amatly täze halkara logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlary dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan makullanýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär.
Şonuň netijesinde, ýurdumyzda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Olaryň biri hem Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasydyr. Bu taslamany ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy Russiýanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary alyp barýar.
Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhediniň awtomobil ýoly örän uly mümkinçilige eýe bolmak bilen, ol ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrar. Bu bolsa halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün eder.
Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzynlygy 225 kilometr bolan awtomobil ýoluny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen, ini 22,5 metr, iki gatnawly her tarapa iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan täze, döwrebap awtomobil ýoluny we hyzmat ediş desgalaryny, şeýle hem Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän ini 21 metr, uzynlygy 354 metr bolan täze awtomobil köprüsini gurmak göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy.
Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda dürli maksatly desgalary gurmak hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda sürüjiler we ýolagçylar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri, myhmanhana, tehniki hyzmat ediş merkezleri, awtobus duralgalary, ulaglaryň agramyna hem-de ölçegine gözegçilik etmegiň, yşyklandyryjylaryň, ýol belgileriniň awtomatlaşdyrylan ulgamlary bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenýän ýollaryň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty arkaly Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ýolagçylary we harytlary üznüksiz daşamak üçin amatly şertleri döretmelidigini bellemelidiris.
Täze dörediljek awtomobil ýoly Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary hem ösdürmäge giň mümkinçilikler berer. Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň we Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda möhüm şertler dörediler.
Gazagystanyň we Türkmenistanyň haryt dolanyşygyny has-da artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri bar. Energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, senagat we beýleki pudaklarda-da uly gorlar bar.
Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we aragatnaşyk düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Akpamyk KERTIKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.