ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatyndaky Roçester şäheriniň adybir uniwersitetiniň hünärmenleri aşa derejede güýçli geçiriji häsiýeti bolan maddany oýlap tapdylar. Alymlar laboratoriýa şertlerinde oýlanyp tapylan lýutesiý gidrit atly maddanyň ýeterlik derejede pes ýylylykda we basyşda ýokary geçirijilik häsiýetini görkezýän materialdygyny belleýärler.
Fizikler ýüz ýyldan gowrak wagtdan bäri şeýle materialy öndürmegiň aladasyny edýärdiler. Hünärmenleriň pikirine görä, bu materialyň iki häsiýeti bar: elektrik garşylygy aradan aýrylýar hem-de daşary itilen magnit meýdany materialyň daşyndan geçýär.
Bu baradaky makala “Nature” žurnalynda çap edildi. Makalada 69 Farengeýt (Selside 20,5 dereje) derejede we 10 kilobar (her dýuým başyna 6350 kg) basyşda ýokary geçirijilik görkezen azot goşulan lýutesiý gidridiň kesgitlenendigi bellenildi.
Okuw mekdebinde maşyn inženerçiligi we fizika ugurlaryndan iş alyp barýan Ranga Dýasyň ýolbaşçylyk edýän topary bu materialyň ýokary geçirijiligine düşünmek üçin has köp iş edilmelidigini belleýärler.
Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň uly mugallymy.