Katar 2022 Dünýä Kubogyndan soň tälimçisi Karloş Keýroşy wezipesinden ugradan Eýranyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy. Ýurduň futbol federasiýasy tarapyndan Amir Galenoiniň milli ýygyndynyň tälimçisi wezipesine bellenendigi habar berildi. 59 ýaşyndaky tälimçiniň bu wezipede näçe wagtlyk işlejekdigi şu ýylyň iýun–iýul aýlarynda Katarda geçiriljek Aziýa Kubogyndan soň belli bolar. Galenoi 2011-nji ýyldan bäri Eýranyň ýygyndysyna tälim berjek ilkinji ýerli tälimçidir. Galenoiniň täze wezipesindäki ilkinji synagy 23-nji martda Russiýanyň ýygyndysy bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygy bolar. Galenoi 2006-2008-nji ýyllar aralygynda-da Eýranyň milli ýygyndysyna tälim beripdi. Şol döwürde Eýranyň ýygyndysy 17 oýunda 10 ýeňiş gazanyp, 6 duşuşykda-da deňme-deň netije görkezipdi. Galenoi «Esteglal», «Sepahan», «Traktor», «Zob Ahan» ýaly klublara tälim beripdi. Ol 2020-nji ýyldan bäri «Gol Gohar» toparyna tälim berip gelýärdi.