Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Täze Daşkent” atly şähergurluşyk taslamasyna badalga berildi. Täze dörediljek şäher 1 million ilatyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli infrastrukturany özünde jemlär. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 60 müň adam üçin niýetlenen köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 30 sany mekdep, 20 sany çagalar bagy, köpugurly hassahana we 5 sany saglyk öýi gurlar. Şeýle hem bu ýerde Täze Özbegistan uniwersitetiniň, Milli kitaphananyň binalary bilen bir hatarda teatr, sungat mekdebi, söwda we hyzmat ugurly desgalar bina ediler.
Taslama durmuşa geçirilende şäherleşmek ulgamynyň döwrebap çemeleşmelerinden peýdalanylar. Meselem, ulag ulgamy doly täzeçil tehnologiýalara eýe bolar. Täze şäheriň jemgyýetçilik ulaglary hökmünde elektrobuslar ulanylar. “Ýaşyl we howpsuz şäher” konsepsiýasyna esaslanar.
Munuň üçin 100 müň orunlyk ýerasty duralga gurlar. Awtoulaglaryň hereketi üçin 14 döwrebap tunnel, 7 sany köpri bina ediler.
Ilkinji gezek Merkezi Aziýada trigenerasiýa stansiýasy gurlar. Ol elektrik energiýasyny öndürip, güýzde we gyşda binalary ýylatmak, tomusda bolsa sowatmak üçin peýdalanylar.
Suw tygşytlaýjy tehnologiýanyň hasabyna täze şäherde suwuň sarp ediliş möçberini 2 esse azaltmak maksat edinilýär.
Täze şäherde innowasiýa tehnologiýalarynyň bazalarynda ýokary hakly iş orunlarynyň 200 müňüsi dörediler. Munuň üçin täze tehnoparklar, IT-parklar, bilim we lukmançylyk klasterleri dörediler.
Täze şäheriň taslamasy Beýik Britaniýanyň, Singapuryň we Türkiýäniň bilermenleriniň gatnaşmagynda döredildi.
Ekologiýa taýdan arassa şäherde “Ýaşyl guşak” atly taslamanyň çäklerinde guruljak seýilgäh 420 gektar meýdany eýeläp bu ýerde 200 müň agaç ekiler.