Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak arkaly bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de halkymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň hem-de önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, daýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmäge we bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almaga döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 24-nji martda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu gowaça ekişi möwsüme 29-njy martda başladylar.
Ir säher bilen welaýatymyzyň Şabat etrabynyň “Biruny” adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanyny özboluşly baýramçylyk lybasyna beslendi. Bu ýerde ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleri, gaýtadan işleýän senagatyň önümleri barada giňişleýin maglumat berýän sergiler ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin özboluşly döredijilik sowgadyna öwrüldi. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirip, göwnejaý gögeriş almak meýilleşdirilýär.
Ýaz paslynyň häzirki günlerinde şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaçanyň, azyk howpsuzlygynyň ygtybarly binýady bolan gök we bakja ekinleriniň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Mundan ötri Daşoguz welaýatynda bu möhüm möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça agrotehniki işler göwnejaý alnyp baryldy.
Demirgazyk welaýatyň daýhanlary gök hem bakja ekinlerini ýetişdirmek üçinde ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini talabalaýyk berjaý etdiler. Üstümizdäki ýylda welaýat boýunça 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekmek hemde şonça ýerden 123 müň 200 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýyl 4 müň 400 gektar ýerde ýazlyk sogan ekiler. Ussat ýer eýeleri şonça meýdandan 110 müň tonna hasyl öndürmegi maksat edinýärler. Üstümizdäki ýylda 970 gektara barabar meýdanda pomidoryň, 100 gektar ýerde hyýaryň, 780 gektarda sarymsagyň, 730 gektar meýdanda käşiriň, 385 gektar ýerde hem kelemiň bereketli hasylyny ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu ulgama berýän hemişelik ünsi hemde hemaýat goldawy bilen, şu ýyl oba hojalyk tehnikalarynyň sany hasda artdy. Netijede, möwsüm döwründe sürüm traktorlarynyň 570-e golaýy, 2200-den gowrak bejergi traktory, 500-e golaý ekijiler hemde 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary netijeli işlediler.
Pagtaçylyk pudagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Bu pudakda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi esasynda obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar.
Welaýat oba hojalyk birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryndaky kuwwatly tehnikalaryň güýji bilen gyşky meýdan işleri öz wagtynda amal edildi, ekiş geçiriljek ýerler kada laýyk sürüldi hemde endigan tekizlendi. Şeýle agrotehniki çäreleriň geçirilmegi ekinleriň kadaly gögermeginiň we hasyllylygyň esasy şertleriniň biri hasaplanýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselesi hem doly çözüldi. Welaýatyň umumy uzynlygy 15 müň kilometre barabar bolan akabalary, hojalygara hem içerki ýaplary bol akýan mele suwdan doldy. Şu ýyl suwdan tygşytly peýdalanmak, hususanda, suwaryşyň dürli, şol sanda damjalaýyn usullaryny ulanmak babatda degişli işler alnyp baryldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýuwuş suwuny tutmak işleriniň depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Ýokary hilli tohum ýerden bereketli hasyl almagyň esasy şertleriniň biridir. Şu ýyl welaýatda gowaça tohumynyň ençeme ýyllaryň synagyndan geçen, sebitiň toprakhowa şertlerine uýgunlaşan “149F”, “F4727”, “Daşoguz127”,
“Serdar” görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda pagta arassalaýjy kärhanalarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça tohumynyň 26 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, pudak ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleri hemde hyzmat edýän pudaklar tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, döwrebaplaşdyrylýar, täze özleşdirilýän ýerler üçin suw hojalyk desgalary gurulýar, pudagyň maddyenjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak, howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ýaz ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegine hemde göwnejaý hasylyň ýetişdirilmegine mümkinçilik döredýär.
Oba hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp düzümi bolup durýar. Ilatyň ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar we işçi güýjüniň 40% gowragy oba hojalygyna sarp edilýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna gelen ilkinji günlerinden ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda netijeli ulanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Umuman alanymyzda Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň agrar-industrial taýdan ösen sebiti bolup durmak bilen, ýurdumyz boýunça pagta süýüminiň dörtden bir böleginiň, tikinçilik önümleriniň 15 göterimden gowragynyň, çörek we çörek önümleriniň 25 göterimini öndürýän şeýle-de ýurdumyzda bar bolan iri şahly mallaryň uly böleginiň saklanýan ýeri hem bu welaýatyň paýyna düşýär.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda welaýatda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi bäş essä golaý artdy. Oba milli maksatnamasy hem üstünlikli alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän kärhanany, un we unaş önümlerini öndürýän kärhanany, gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýan önümçilik kärhanany, ösümlik ýag kärhanasyny, maldarçylyk fermalaryny, eti, süýdi gaýtadan işleýan önümhanalary, süýt önümlerini öndürýän maldarçylyk fermalary giň gerimde işleýär. Şabat etrabynda 2014-nji ýylda açylan maldarçylyk toplumy, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen.
Şeýle-de welaýatymyzda oba hojalygyny tutuşlaýyn dolandyrmagyň döredilen çeýe we netijeli ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda täze bilim ojagynyň, ylym merkeziň ýagny Türkmen oba hojalyk institutynyň açylmagyna möhüm orun degişli bolup durýar.
Täze döredilen ýokary okuw mekdebiniň öňünde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyny, şol sanda obasenagat toplumyny, oba hojalyk önümçiligini intensiw ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meseleleri çözülende obasenagat toplumynyň paýyny artdyrmak arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ýokary dereje ösdürmeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly döwrüň öňe sürýän derwaýys wezipeleri goýuldy we bu wezipeler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär.
Ene toprakdan bagt tapýan adamlar – ýer eýeleri, kärendeçiler hakynda uly alada edýän, oba hojalyk pudagyny hasda ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Aşyrdurdy Allaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulysy.