Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri dür­li mak­sat­lar­da: aw aw­la­mak­da, ýi­ten zat­la­ry tap­mak­da, poç­ta hyz­ma­tyn­da ula­nyl­ýan to­hum it­le­ri­niň 500 tö­we­re­gi gör­nü­şi bo­lup, şo­la­ryň ara­syn­da çi­hua­hua özü­niň daş­ky gör­nü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Çi­hua­hua dün­ýä­dä­ki iň ki­çi to­hum iti ha­sap­lan­ýar. Esa­san-da, Ýew­ro­pa­da öý­de sak­la­mak üçin mas­la­hat be­ril­ýän to­hum it­le­ri­niň iň meş­hur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan çi­hua­hua IX asyr­da se­çi­lip alyn­ýar. Hä­zir­ki gün­le­re çen­li ide­dil­ýän bu to­hum iti­niň bo­ýy 13-20 san­ti­met­re, ag­ra­my 0,5-3 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ýum­şak tüý­li to­hum itiň bu gör­nü­şi­niň te­ge­lek kel­le­si, uly dik gu­lak­la­ry, mon­juk ýa­ly göz­le­ri bar. Çe­ýe hem hüş­gär häsiýetli bu it­ler öýüň jaň­ja­ga­zy ha­sap­lan­ýar. Mek­si­ka­nyň mil­li to­hum iti bolan çi­hua­hua 1904-nji ýyl­da Ame­ri­kan Ken­nel klu­by (AKC) ta­ra­pyn­dan res­mi taý­dan yk­rar edil­ýär.
Oý­na­waç­my ýa-da ha­ky­ky?
Çi­hua­hua da­şyn­dan gö­räý­mä­ge ma­ta­dan ti­ki­len ýum­şak oý­na­wa­ja meň­ze­ýär. Bu itiň na­ýyn­jar he­re­ket­le­ri, özü­ni alyp bar­şy her bir yn­san­da jan­ly-jan­dar­la­ra bo­lan söý­gi­ni we re­him­dar­ly­gy dö­red­ýär. So­wuk ho­wa uý­gun­laş­ma­ýan, ys­sy­ny ha­la­ýan bu it­le­ri her gün iki ge­zek na­har­la­mak ýe­ter­lik. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­byn­da dün­ýä­niň iň ki­çi­jik to­hum iti di­ýlip ha­sa­ba al­nan çi­hua­hua ada­myň söz­le­ri­ne dü­şün­mek bi­len bir ha­tar­da, buý­ru­lan ýu­muş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär. Eýe­si­ne aşa we­pa­ly bol­ýan çi­hua­hua ýüz­me­gi go­wy gör­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bu ki­çi­jik it bi­len dür­li oýun­la­ry oý­nap bol­ýar. To­hum iti­niň bu gör­nü­şi­niň işeň­ňir we ba­tyr­gaý gö­rün­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, tiz ýa­da­ýar hem-de çalt ga­ha­ry gel­ýär. Ça­ga­lar üçin iň go­wy güý­men­je­le­riň bi­ri bo­lan çi­hua­hua go­rag ýa-da sak­çy it bol­man, öý­de­çi it­ler­dir.