Azyk önümleriniň global bahasy 12 aýdan bäri arzanlamagyny dowam etdirýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy (FAO) habar berýär.
Däne we ösümlik ýaglarynyň global nyrhlarynyň pese düşmegi sebäpli azyk önümleriniň bahalary on iki aý bäri aşaklady.
Azyk harytlarynyň bahasynyň görkezijisi 2023-nji ýylyň mart aýynda 126,9 punkt bolup, öňki aýdan 2%-den azrak we 2022-nji ýylyň mart aýynyň iň ýokary derejesinden 20,5% aşaklady.
Dänäniň bahasynyň görkezijisi fewral bilen deňeşdirilende, 5,6% aşaklady, şunuň bilen birlikde Awstraliýada ýokary önümçilik, Ýewropa Bileleşiginde ekiş şertleriniň gowulaşmagy, Russiýadan ýokary üpjünçilik we Ukrainadan eksportyň dowam etmegi netijesinde bugdaýyň global bahasy 7,1% aşaklady.
Dünýädäki mekgejöweniň bahasy Braziliýada rekord hasyla garaşylyp, 4,6% aşaklady.
Hindistan, Wýetnam we Taýland ýaly esasy eksport edýän ýurtlarda hasyl ýygnamagyň netijesinde tüwiniň bahasy 3,2% aşaklady.
Ösümlik ýagynyň bahasynyň görkezijisi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,0% pes 2022-nji ýylyň mart aýynyň derejesinden 47,7%)pes, şeýle-de köp sanly global ätiýaçlyklar we durnukly import islegleri soýa, raps we günebakar ýaglarynyň bahasynyň arzanlamagyna sebäp boldy.
Süýt önümleriniň bahasy mart aýynda 0,8% aşaklady.
Şeýle-de bolsa, FAO-nyň hasabatynda şeker we etiň bahalarynyň degişlilikde, 1,5% we 0,5% ýokarlanandygy bellenilýär.
Gara deňiz ylalaşygy Afrikadaky azyk ýetmezçiligi baradaky aladalary hem azaltdy, çünki yklym köp babatda eksporta garaşly bolup durýar.
Şeýle-de bolsa, azyk önümleriniň bahasynyň aşaklamagy Ýewropanyň bazarlaryndaky azyk harytlarynyň bahalaryna heniz düýpli täsir etmedi.