Halkymyz gadymdan bäri beýleki agaçlar bilen birlikde tut agajyna aýratyn hormat goýýar. Onuň miwesi iýmit hökmünde, ýapragy ýüpek önümçiliginde ýüpek gurçugyna iýmit bolup hyzmat berýär. Ata-babalarymyz tut agajyna ynsan ýaşaýşy hem-de saglygy üçin gymmatlydygyna göz ýetirip, “Tut – melhem”, “Janyň tut ýaly sag bolsun!”, “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” ýaly aýtgylary döredipdirler.
Tut agajyndan dutar, gyjak ýaly saz gurallary, gap-çanak we gurallara sap ýasalýar. Gaty, çeýe hem-de garamtyl goňur reňkde bolan tut agajynyň saýasy hem jana şypa beriji, gan aýlanyşa peýdaly hasaplanýar. Tut agajy durmuşda has peýdaly agaçdyr.
Gadymy döwürlerde ata-babalarymyz nirede mesgen tutsalar-da ilki bilen tut agajyny ekipdirler. Sebäbi tut agajy örän çydamly bolup, ol daşlyk ýerde, düzde, sährada, hatda çölde hem ösýär. Tut agajynyň şahalarynyň örän dykyz we berkdigi sebäpli, ol çynar agajy ýaly, uly we owadan bolýar.
“Müň bir derdiň dermany” hasaplanýan tudana ýa-da onuň mürepbesi aşgazany, içegäni, bagry arassalaýar, işdäni açýar. Gözüň görüjiligine, gan basyşyň kadalaşmagyna, beden agzalarynyň işjeňligine peýdaly hasaplanýar.
Ýollaryň, ýaplaryň gyralaryna ekilen tut agaçlary dem alýan howamyzy çaň-tozandan arassalaýar, atyzlaryň gyralaryna hatar edilip ekilen tut agaçlary gowaçany ýalynly epgekden gorap saklaýar.
Göreňde gözüň dokunýan, datly miwesi, goýy saýasy bolan tut agajy berkligiň, çydamlylygyň, gözelligiň simwolydyr.
Ogultäç Jumaýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.