Karl III-iň täç geýdiriliş dabarasynda guraljak ýörişi 1953-nji ýylda ejesi Ýelizaweta II-iniň geçen sekiz kilometr ýörişinden (1926-2022) dört esse gysga bolar we munuň üçin iki dürli kareta ulanylar. 6-njy maýda guraljak dabara baradaky täze maglumatlar monarh diwany tarapyndan mälim edildi.
Bukingem köşgünden Westminster abbatlygyna çenli uzaýan ýoly, Korol Karl III we aýaly Kamilla häzirki zaman karetasynda geçerler. Bu abbatlykda 2 müň myhmanyň gatnaşmagynda Karl III-e täç geýdiriler. Bu kareta bilen ilkinji gezek Ýelizaweta II 2014-nji ýylda parlamentde çykyş etmek üçin barypdy.
Korol Karl III we aýaly yza gaýdyşyn 1762-nji ýylda ýasalan altyn karetada ýola düşerler. Bu kareta monarhlar tarapyndan iň möhüm wakalarda, şol sanda 1953-nji ýylyň 2-nji iýunynda häzirki Korolyň ejesi Ýelizaweta II täç geýdiriliş dabarasynda ulanylypdy. Sekiz ata goşulan dört tonnalyk kareta, adaty amortizasiýa ulgamy – deri guşaklar bilen enjamlaşdyrylandyr.
“Saýlanan karetalar Westminster abbatlygyna tarap barýan ýolda sada ýörişi, Bukingem köşgüne dönüşde bolsa, has dabaraly ýörişi görkezer. Bu onuň Alyhezretleriniň şahsy kararydyr” diýlip, “Sky News” teleýaýlymy Korolyň diwanynyň wekiliniň sözlerine salgylanýar. Monarh tagta geçenden soň, oňa Tauerde saklanýan 400-den gowrak gymmatbahaly daşlar bilen haşamlanan 2,2 kilogram agramly keramatly Eduard täji geýdiriler.
Britan tagtynyň mirasdüşeri öňki monarh aradan çykandan soň Korol bolýar, ýöne birnäçe aýdan soň täç geýdirilýär. Georg VI (1895-1952) aradan çykandan bir ýarym ýyl töweregi wagt soň gyzy Ýelizaweta II-ä täç geýdirilipdi. Westminster abbatlygynda 1066-njy ýyldan bäri 39 iňlis we britan monarhynyň başyna täç geýdirilipdi.