Piramidalar dünýädäki iň berk taryhy ýadygärlikleriň biri hasaplanýar. Gadymy Müsürde, Maýa siwilizasiýasynda gurlan bu binalar irki zamanlardan biziň günlerimize çenli gelip ýetip, häzirki zaman binagärlik sungatynyň ösmegine itergi berýär. Dünýäniň ýedi täsinliginiň biri bolan piramidalara meňzedilip, dünýäniň dürli künjeginde döwrebap piramidalar bina edildi. Geliň, geçmişden nusga alnyp gurlan piramidalar bilen tanyş bolalyň!
«Luksor» myhmanhanasy, ABŞ. Las-Wegasda ýerleşýän «Luksor» myhmanhanasy Giza we Hafre piramidalaryndan soň dünýäde üçünji beýik piramida hökmünde tanalýar. Piramida 18 aýlap dowam eden gurluşyk işlerinden soň, 1993-nji ýylda açylýar. 30 bölüme bölünen «Luksor» myhmanhanasynda 4400 otag, basseýn, restoran, dükan we klub bar. Myhmanhananyň daşynda, takmynan, 30 metr beýiklikde Sfinksiň heýkeli oturdylypdyr. «Luksor» myhmanhanasynyň çür depesindäki duýduryjy ulgam 400 kilometr uzaklykdan görünýän dünýäniň iň güýçli yşyklandyryjysy hasaplanýar.
«Rýugýong» myhmanhanasy, Demirgazyk Koreýa. Dünýä metbugatynda mahabaty ýetirilen «Rýugýong» myhmanhanasy äpet piramida hökmünde suratlandyrylýar. Özboluşly görnüşe eýe bolan bu piramidada otaglar, dükanlar, ofisler we restoran bar. 330 metr beýiklikdäki piramida dünýäniň iň uzyn myhmanhanasy hasaplanýar. 105 otagly piramida Demirgazyk Koreýanyň esasy nyşanlarynyň biridir.
Luwr, Fransiýa. Dünýäniň iň meşhur binalarynyň biri hem Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Luwr piramidasydyr. Aýna we metal materiallardan gurlan Luwruň töwereginde başga-da 3 sany kiçijik piramida bar. Gurluşygy 1989-njy ýylda tamamlanan piramida Luwr muzeýiniň girelgesi hökmünde ulanylýar. Aýtmaklaryna görä, Luwr piramidasy Giza piramidasyndan nusga alnyp bina edilipdir. 673 aýna böleginden ybarat Luwr syýahatçylaryň iň köp gezelenç edýän ýerleriniň biridir.
«Parahatçylyk we agzybirlik binasy», Gazagystan. «Parahatçylyk we agzybirlik binasy» häzirki zaman piramidalarynyň arasynda binagärlik aýratynlygy bilen saýlanýan desgalaryň biridir. Gazagystanyň milli nyşanlarynyň biri bolan bu piramida 2004-2006-njy ýyllar aralygynda gurulýar. 62 metr beýiklikdäki piramidanyň uzynlygy hem 62 metr bolup, binanyň içinde 1500 adamlyk opera zaly bar. Bu ýerde döwlet derejesindäki çäreler geçirilýär. Daşardaky temperaturanyň näçe derejededigine garamazdan piramidanyň içindäki howa şol bir ýylylykda saklanýar.
«Piramida Arena», ABŞ. ABŞ-nyň Tennessi ştatynda ýerleşýän «Piramida Arena» dünýäde altynjy uly piramida hökmünde tanalýar. 100 metr beýiklikdäki bu piramida Müsüriň Giza piramidasyndan birneme gysga bolup, Memfis uniwersitetiniň bagynda ýerleşýär. «Piramida Arena» sport çärelerini geçirmek üçin ýörite döredilýär. Missisipi derýasynyň kenarynda gurlan bu sport toplumyna 20 müň tomaşaçy sygýar.