Ke­be­lek­le­riň iň owa­dan we özü­ne çe­ki­ji gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan lu­na ýi­tip git­mek how­py aban­ýan mör-mö­jek­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär. Ame­ri­ka yk­ly­myn­da duş gel­ýän bu ke­be­lek­ler has uzak ara­ly­ga uçup bil­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýa­zy­na we tom­su­na to­ka­ýy be­ze­ýän lu­na­la­ryň göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 8-17 san­ti­met­re ýet­ýär. Esa­san gi­je­si­ne he­re­ket ed­ýän­di­gi se­bäp­li bu ke­be­lek­ler «Aý ke­be­le­gi» diýlip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Be­de­ni ak, uzyn gül­gü­ne aýak­ly lu­na ke­be­le­gi­niň maň­la­ýyn­da şa­hy bar. Lu­na­la­ryň ýa­rym Aýa meň­zeş owa­dan ga­nat­la­ry­nyň giň­li­gi 12 san­ti­metr tö­we­re­gi bol­ýar. Maň­la­ýyn­da we yz­ky ga­nat­la­ryn­da göz ýa­ly no­kat­la­ry bo­lup, eg­re­lip du­ran guý­ruk­la­ry ar­ka ta­ra­py­na uza­lyp gid­ýär. Di­ňe ýa­şyl reňk­de duş gel­ýän bu ke­be­lek­ler ka­gyz­dan ýa­sa­lan ori­ga­ma meň­ze­ýär.
Bu ke­be­lek­le­riň ne­sil çal­şy­gy 6 aý­dan bir ge­zek bo­lup geç­ýär. Ýyl­da iki ge­zek kö­pel­ýän lu­na­lar ýu­murt­ga taş­lan­dan soň ýa­şa­ma­gy­ny bes ed­ýär. 10 gü­nüň do­wa­myn­da ki­çi­jik li­çin­ka­lar dö­re­ýär. 3-4 hep­dä­niň do­wa­myn­da da­şy­na pi­le sa­ran gur­çuk­lar­dan lu­na­la­ryň tä­ze nes­li ke­ma­la gel­ýär. Lu­na­lar agaç­la­ryň ýap­ra­gy bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ke­be­le­giň bu gör­nü­şi zy­ýan be­ri­ji ha­sap­lan­ma­ýar. Lu­na­la­ry to­kaý­da aň­sat­lyk bi­len gö­rüp bol­ma­ýar. Sa­ny­nyň az­dy­gy se­bäp­li bu ke­be­lek­ler seý­rek duş gel­ýär.