Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär.
Mälim bolşy ýaly, mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Saýlawlar ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň gatnaşmaklarynda geçirildi. Onuň netijesinde, ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasy bolan Türkmenistanyň Mejlisine deputatlaryň 125-si saýlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 125 adam – Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 65 (52 göterim), Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 18 (14,5 göterim), Agrar partiýadan 24 (19 göterim), raýatlaryň toparlaryndan 18 (14,5 göterim) adam saýlandy. Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 25,60 göterimi zenanlar bolup, bu hem ýurdumyzda gender deňligine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem deputatlaryň 45 göterimi ylym, bilim ulgamlarynda, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynda, 11 göterimi saglygy goraýyş, 6 göterimden köprägi maliýe we ykdysadyýet, 5 göterimi durmuş üpjünçiligi, 4 göterimi oba hojalyk ulgamlarynda, şeýle-de beýleki ulgamlarda zähmet çekýän raýatlardan ybarat bolmagy halk häkimiýetiniň möhüm kanun çykaryjylyk edarasynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda zähmet çekýän wekilleriň wekilçilik edýändigini görkezýär.
Saýlawlaryň yzysüre Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyk geçirilip, berkarar Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak indi asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen maslahatda çykyş eden hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny belläp, halk hojalygynyň ähli ugurlarda mynasyp ösüşiň dowam etdirilmegi üçin zerur bolan kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi ugrunda möhüm görkezmeler berdi.
Häzirki döwürde Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Mejlisiň deputatlary milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, halkyň arasynda guralýan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny giňden wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, parlamentiň işine ösen tejribeleri ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar.
Tawus ALLANUROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.