18-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, alymlar, syýasatşynaslar, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda milli buýsanjymyz, döwletliligiň mizemez nyşany — ýurdumyzyň Döwlet baýdagy mynasybetli çykyşlara orun berildi. Olara halkymyz mukaddesligiň we watansöýüjiligiň mizemez nyşany hökmünde garaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen ugurlar we kadalar barada aýdyldy. Olar ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň, jemgyýetçilik durmuşynyň esaslaryny açyp görkezýär hem-de milli ösüşiň nusgalyk ýolunyň kanunçylyk we hukuk taýdan kepili bolup durýar.

Maslahat mowzuklaýyn ugurlaryň üçüsi boýunça geçirildi. Olary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň many-mazmuny utgaşdyrýar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.