Gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň ruhy ýörelgesi haýyr işleri amal etmek, duýgudaşlyk, dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere daýanýar. Häzirki döwürde milletiň üýtgewsiz ynsanperwerlik gymmatlyklary türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikleri bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasydyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap hem bu möhüm meselä bagyşlanýar.
Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu gazna döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjek täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy – saglyk», «Hossarlyk – öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlary türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly hem-de ruhy-ahlak sütünleriniň mynasyp dowamydyr. Kitapda bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi bolsa öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi çagalara özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär.
Täze kitapda çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ençeme anyk mysallary getirilýär. Bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny açmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, zähmet endiklerini ele almagy, boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredildi. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Ýurdumyzyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Selim Öwezmyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.