Pars şa­hy­ry Abul­ka­sym Man­sur Ha­san Fer­döw­si bi­ziň se­bit­le­ri­miz­de hem uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Fer­döw­si, tak­my­nan, 993-nji ýyl­da Ho­ra­sa­nyň Tus şä­he­rin­de daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Öz döw­rü­niň ýo­ka­ry bi­li­mi­ne eýe bo­lan Fer­döw­si Eý­ra­nyň şol dö­wür­dä­ki ede­bi dil­le­ri – pars­ça we arap­ça su­wa­ra gep­läp bilipdir. Yl­ma-bil­ime aý­ra­tyn hor­mat go­ýan aryf-akyl­dar «Sen, paý­has­ly ýol göz­läp, bi­lim al­mak üçin bü­tin dün­ýä­ni gez!» diý­me­gi go­wy gör­ýän eken. Oňa dö­wür­deş­le­ri çuň­ňur we giň bi­li­mi üçin hä­kim (akyl­dar, alym) ta­hal­lu­sy­ny da­kyp­dyr­lar.
Fer­döw­si uzak wagt­lap Gaz­na­da ýa­şap, Sol­tan Mah­myt Gaz­na­ly­nyň hyz­ma­tyn­da bol­ýar. Ol «Şa­na­ma­ny» hem oňa ba­gyş­lap ýaz­ýar. Onuň mes­ne­wi gör­nüş­li «Şa­na­ma» epo­sy juda uly göwrümli eser­dir. Mes­ne­wi žan­ry uzyn gah­ry­man­çy­lyk­lar ha­kyn­da­ky kys­sa­lar­da ula­ny­lyp­dyr. Fer­döw­si­niň şeý­le žanr­da ýa­zan baş ese­ri «Şa­na­manyň» möç­be­ri «Ilia­da­ny» we «Odis­se­ýa­ny» bi­le­lik­de ala­nyň­da-da, iki es­se köp­dür. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Fer­döw­si bu gah­ry­man­çy­lyk­ly ese­ri­ni ýaz­ma­ga öm­rü­niň 35 ýy­ly­ny sarp edip­dir. «Şa­na­ma» giň we sal­dam­ly ta­ry­hy eser bo­lup, Ke­ýu­mer­siň pa­ty­şa­lyk eden döw­ri ba­ra­da­ky bap bi­len baş­la­nyp, Za­lym Zo­hak we Fe­ri­dun, Rüs­tem ha­kyn­da ro­wa­ýat, Rüs­tem we Suh­rab, Sy­ýa­wuş ha­kyn­da ro­wa­ýat, Py­gam­ber Zer­doşt, Rüs­tem we Is­fendi­ýar ýa­ly bap­lar bi­len do­wam ed­ýär. Uly göw­rüm­li ese­riň gah­ry­man­çy­lyk­ly ba­byn­da päl­wan Za­lyň we onuň og­ly Rüs­te­miň gah­ry­man­çy­ly­gy hem-de ola­ryň deň­siz-taý­syz güýç­le­ri ba­ra­da söh­bet edil­ýär. Sy­ýa­wuş ha­kyn­da­ky bap­da bol­sa, Wa­tan go­ra­gy öňe sü­rül­ýär.
Şol döw­rüň şa­hyr­la­ry­nyň mil­li dü­şün­je­le­ri­niň ös­me­gi bi­len öz ta­ry­hy geç­mi­şi­ne gy­zyk­lan­ma­gy, oňa ýa­zuw gör­nü­şin­de tä­ze­çe çe­me­leş­mä­ge bo­lan is­leg bar­ha art­ýar. Şeý­le­lik­de, ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ryň do­ly ýy­gyn­dy­sy­ny taý­ýar­la­mak üçin bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­lar edil­ýär, ýö­ne has uly tu­tan­ýer­li­li­gi ta­lap ed­ýän bu işiň höt­de­sin­den di­ňe Abul­ka­sym Fer­döw­si gel­ýär. Ol aky­ly go­ýa­ly­şan ýa­şyn­da­ka Dakykynyň başlan işini gutarmaly we Eý­ra­nyň ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ry­ny do­lu­ly­gy­na şy­gyr gör­nü­şin­de be­ýan et­me­li di­ýen ne­ti­jä gel­ýär. «Şa­na­ma» 60 müň beýt­den yba­rat bo­lup, Eý­ra­nyň 53 hö­küm­da­ry­nyň pa­ty­şa­lyk eden döw­rü­ni öz içi­ne al­ýar. Fer­döw­si­niň özi poe­ma­sy­nyň di­ňe şa­lyk­lar ba­ra­da­dy­gy­ny öňe sür­se-de, ede­bi­ýat­çy­lar aw­to­ryň ula­nan çeş­me­le­ri­ne bag­ly­lyk­da, ony üç sa­ny uly ug­ra – mi­fo­lo­gik, ro­wa­ýa­ty we ta­ry­hy şa­ha­la­ra böl­ýär­ler. Fer­döw­si res­mi sa­sa­nid ta­ry­hy çeş­me­le­ri­ne sal­gy­la­nyp, pa­ty­şa­ly­gy Peş­da­di­ler, Ke­ýa­ni­ler, Eş­ka­ni­ler, Sa­sa­ni­ler ýa­ly 4 ha­na­dan­ly­ga böl­ýär. «Şa­na­ma­da» mif­le­riň gi­den dün­ýä­si bar. «Şa­na­ma» dur­şu­na Gün­do­gar mi­fo­lo­gi­ýa­sy. Hut şo­nuň üçi­nem ol gy­zyk­ly, aja­ýyp eser­dir.
Ro­wa­ýa­tlara gö­rä, soltan Mahmyt Gaznaly Ferdöwsä poe­ma üçin pul tö­le­mek­den bo­ýun ga­çyr­ýar. Bu ýag­daý şa­hy­ryň ju­da ga­ha­ry­ny ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de, şa­hyr ol se­bit­den ba­şy­ny alyp gid­ýär. Be­ýik şa­hyr 1020-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Şa­hy­ryň depin edilen ýe­rin­de dog­lan gü­nü­niň 1000 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 1935-nji ýyl­da aram­gäh gu­rul­ýar.
Eý­ra­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýaz­ma­gy­na gö­rä, häzirki wagtda Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni mi­ras, se­net­çi­lik we sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan Tus şä­he­rin­dä­ki Fer­döw­si­niň aram­gä­hin­de hem-de onuň ýa­na­şyk ýe­rin­dä­ki 6 gek­tar­dan yba­rat me­de­ni mi­ras top­lu­myn­da giň ge­rim­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­rilipdir.

Gur­ban­dur­dy Ho­ja­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň us­sat mu­gal­ly­my, Et­rek et­ra­by­nyň Gy­zyl­ba­ýyr oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy.