Synag
To­mas Edi­son elekt­rik lam­pa­sy­ny oý­lap tap­mak üçin iki ýüz­den gow­rak sy­nag ge­çir­ýär. Ol lam­pa­nyň içi­ne ber­kit­me­li sim üçin iki ýüz­den gow­rak mad­da ula­nyp­dyr. Bir gün Edi­so­nyň dost­la­ry:
– Şu gü­ne çen­li elekt­rik lam­pa­sy­ny ýa­sa­mak üçin iki ýüz ge­zek da­gy sy­nag geçirdiň. Sen nä­me üçin bu iş­den el çe­ke­ňok? – di­ýip so­ra­ýar­lar. Şon­da ol:
– Bu işden hiç ha­çan el çe­kip bol­maz. Yh­las bi­len ka­ky­lan ga­py ahy­ry bir gün açy­lar. Men iki ýüz­den gow­rak mad­da­nyň lam­pa­nyň si­mi bo­lup bil­me­je­gi­ni anyk­la­dym. Ine, ba­sym me­niň lam­pa­ny ýag­tylt­jak si­mi ta­py­şy­ma hem şa­ýat bo­lar­sy­ňyz – di­ýip, ru­hu­be­lent­lik bi­len jo­gap be­rip­dir.
Umyt­syz­lyk, bel­li bir ka­ra­ra ge­lip bil­mez­lik üs­tün­li­ge bar­ýan ýol­da iň uly bö­wet­le­riň bi­ri­dir. Üs­tün­lik mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy, ja­nyp­keş­li­gi ta­lap ed­ýär.

Möý
Gün­ler­de bir gün ýa­byň ke­na­ryn­dan ge­çip bar­ýan daýhanyň suw­dan çy­kyp bil­män ur­nup du­ran mö­ýe gö­zi düş­ýär. Ony ha­las et­me­giň kül-külüne düşen daýhan oňa ba­şam bar­ma­gy­ny uzad­ýar. Em­ma möý ony çak­ýar-da du­ru­ber­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ýaň­ky adam mö­ýi suw­dan çy­kar­mak üçin ýe­ne-de bar­ma­gy­ny uzad­ýar, em­ma möý bu ge­ze­gem çak­ýar. Şonda tö­we­re­gin­dä­ki­le­riň bi­ri:
– Beý­dip mö­ýe özü­ňi çak­dy­ryp dur­ma-da, taş­la­sa­na! Owar­ra­ma git­sin-le – di­ýen­de, ýaň­ky adam şeý­le jo­gap ber­ýär:
– Çak­mak­lyk mö­ýüň te­bi­ga­tyn­da bar, çün­ki olar şeý­le ýa­ra­dy­lan. Me­niň te­bi­ga­ty­ma mah­sus zat bol­sa, söý­mek. Möý çak­ýar di­ýip, hakyky bolşumdan daşlaşyp bil­me­rin ahy­ry.

Tertip-düzgün
Öýüň er­ke­gi ag­şam iş­den gaý­dyp ge­len­de jaýyň içi çalam-çaş­dy. Or­ta­da­ky sa­çak ýyg­nal­man­dyr, gap-gaç­lar du­ran-du­ran ýe­rin­de dur, ýor­gan-dü­şek gal­dy­ryl­man­dyr, egin-eşik­ler o taý­da, bu taý­da pyt­ra­şyp ýa­tyr. Üs­te­si­ne-de ag­şam­lyk hem taý­ýar däl­di. Girre ga­ha­ry ge­len adam öýüň için­den aýa­ly­ny göz­läp ug­ra­ýar. Aýa­ly bol­sa, eýwandaky otur­gyç­da jaý­la­şyk­ly ýer­le­şip, ki­tap okap otu­ran eken. Adam­sy ga­ha­ry­ny bas­ma­ga jan edip:
– Bu gün sa­ňa ne döw çal­dy? – di­ýip so­ra­ýar.
Aýa­ly göw­ni bir ýa­ly, oňa ta­rap ça­la­ja gö­zü­ni aý­lap:
– Bu ýer­de dü­şün­mez ýa­ly zat ýok. Her gün iş­den ge­lip: «Uzak­ly gün öý­de nä­me ed­ýän za­dyň bar?» di­ýip, so­ra­ýar­dyň-a. Şo­nuň üçin bu gün hiç zat et­me­dim. Öý­de nä­me­ler ed­ýän­di­gi­mi gö­re­riň ýa­ly – di­ýip, pert jo­gap be­rip­dir.

Taý­ýar­lan Ju­ma­gül Wa­li­ýe­wa,
«Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň De­ňiz­çi­lik or­ta hü­när okuw
mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.