Türkmen halkynyň akyldar şahyry Mag­tym­gu­ly­ Pyragynyň dö­re­di­ji­li­gi­niň öze­ni türk­me­niň ga­dy­my hem baý halk dö­re­di­ji­li­gi­dir. Hal­kyň dün­ýä ha­kyn­da­ky oý­lan­ma­la­ry, dün­ýä dü­şün­je­le­ri äh­li çuň­lu­gy we da­na­ly­gy bi­len şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne si­ňip­dir. Ol öz yk­ba­ly­ny ba­gyş eden işin­de gün­be-gün­den kä­mil­le­şip, öz döw­rü­niň us­sat şa­hy­ry hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dyr.
Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de onuň ýa­şan döw­rü­ne de­giş­li äh­li ugur­lar­da bo­lup geç­ýän ýag­daý­la­ra çe­per sö­züň üs­ti bi­len pa­ra­sat­ly ba­ha be­ril­ýär. Esa­san hem, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de dur­mu­şyň köp ugur­la­ry­nyň jem­len­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mu­ňa my­sal edip, şa­hy­ryň wa­tan­çy­lyk, ah­lak­ly­lyk, öwüt-ne­si­hat, mert­lik-na­mart­lyk, söý­gi te­ma­syn­da we baş­ga-da dur­mu­şy me­se­le­le­re ba­gyş­lan­ýan goş­gularyny görkezmek bo­lar. Magtymguly Pyragynyň goş­gulary her bir türk­me­niň öý-ojak­la­ryn­da mu­kad­des ki­tap bo­lup sak­la­nyl­ýar. Adam gam-gus­sa­ly bo­lan wag­tyn­da şa­hy­ryň eser­le­rin­den goş­gy bent­le­ri­ni okan­da, mis­li şahyryň hut özü­niň onuň ýa­nyn­da öwüt-ne­si­hat be­rip du­ran ýa­ly duý­mak bol­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bi­ri-de, çuň­ňur ma­na ýug­ru­lan çe­per goş­gu­la­ry­nyň adam­za­da mah­sus bo­lan gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri özün­de jem­le­ýän­li­gin­de­dir.
Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyn­da uly orun tut­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy eg­sil­mez ru­hy ha­zy­na­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy ga­na­ty, şam­çy­ra­gy ha­sap­lan­ýar. Şa­hyr her bir yn­sa­nyň kal­byn­da be­lent adam­kär­çi­lik­li ýa­şa­ma­gyň nus­ga­sy hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Şa­hyr adam­kär­çi­li­ge, yn­san­per­wer­li­ge, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge ýug­ru­lan goş­gu­la­ry bi­len yn­san kal­byn­da orun al­dy.
Bag­ty­ýar türk­men hal­ky bu gün be­ýik akyl­dar, şi­rin dil­li söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan za­ma­na­syn­da – ber­ka­rar döw­let­de ýa­şa­mak bi­len, nus­ga­wy şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne, ede­bi mi­ra­sy­na uly sar­pa goý­ýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly Ka­ra­ra gol çek­me­gi hem mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­jek bu çä­rä­niň do­wa­myn­da dür­li me­de­ni du­şu­şyk­la­ryň, da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň dür­li dil­le­re ter­ji­me edil­me­gi, dür­li ýurt­lar­da ýa­dy­gär­li­gi­niň di­kel­dil­me­gi, ede­bi mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi üçin hem uly ta­gal­la­lar edil­ýär.
Yn­san gö­zel­li­giň göz­le­gin­de. Gö­zel­li­gi bol­sa, gör­mek, duý­mak ge­rek. Ol ru­hy dün­ýä­si­ni te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri, sun­gat eser­le­ri bi­len baý­laş­dy­ryp dur­ýar. Türk­me­niň be­ýik söz us­sat­la­ry­nyň dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri yn­san kal­by­nyň gö­zel­lik çeş­me­si­ne öw­rül­di. Ady dün­ýä do­lan Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi gö­zel­li­giň mer­je­ni­dir. Hal­ky­my­zyň söz sun­ga­ty­nyň ker­wen­ba­şy­sy ha­sap­lan­ýan nus­ga­wy şa­hy­ry­my­zyň eser­le­ri hut yn­sa­nyň ýü­re­gi­niň tö­rün­de orun eýe­le­ýär. Se­bä­bi şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň öze­ni türk­me­niň ga­dy­my hem baý halk dö­re­di­ji­li­gin­den göz­baş al­ýar.
Mag­tym­gu­ly ede­bi di­li halk me­de­ni­ýe­ti­niň ös­me­gi­niň hök­ma­ny şert­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lap­dyr. Şy­gyr­la­ry­nyň di­li­niň hal­ka düş­nük­li bol­ma­gy üçin çe­per­çi­lik se­riş­de­le­ri­ni ýer­lik­li ula­nyp­dyr. Onuň şy­gyr­la­ryn­da hal­ka düş­nük­siz pi­kir­le­re, arap-pars söz­le­ri­ne seý­rek du­şul­ýar. Hal­kyň di­li­ne da­ýan­mak bi­len, şa­hyr on­dan di­le­war­ly­gy we sa­da­ly­gy öw­re­nip­dir. Bu bol­sa akyl­dar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň hö­wes bi­len okal­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ede­bi­ýa­ty we sun­ga­ty aja­ýyp ru­hy gym­mat­ly­ga öw­rül­di. Mu­ny akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi ar­ka­ly aý­dyň gör­mek bol­ýar.

An­na­baý AGA­ÝEW,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.