Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär.
Bu gün ylym-bilimde, medeniýetdir sungatda we sportda ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän zenanlarymyza tutuş halkymyz guwanýar. Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar tarapyndan goldanylýan gender deňligi babatynda bolsa biziň ýurdumyz dünýäniň köp döwletine görelde bolup biler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, halkymyzyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli sergä gatnaşdy.
Köpöwüşginli sergi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan türkmen halyçylyk sungatynyň täsin we köptaraply ugurlary bilen tanyşmaga hem-de türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň aýratynlyklaryna, milli däp-dessurlarynyň gelip çykyşyna düşünmäge ýardam berýär.
Türkmen gelin-gyzlarynyň dokan haly, kilim, keçe, torbadyr çuwallar, şeýle-de keşdelenen çyrpydyr kürteler, dokalan ýüpek matalar türkmen halkynyň genji-hazynasydyr, milli baýlygydyr. Türkmen kalbynyň joşgunyny, arzuw-hyýallaryny nagşy bilen halaysyna siňdiripdir.
Türkmeniň ak öýüniň içinden başlap, serpigidir durlugy, üzügi keçeler bilen bezelen bolsa, halydyr kilim, çuwaldyr torbalar öýüň içini owadan görkezipdir. Şonuň üçin türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň dokan haly we haly önümlerini taryplaýan: «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez», «Barmagy eriş ýüzer, nusgasy iller gezer» ýaly parasatly jümleler il içine ýaýrapdyr.
Aslynda, el hünäri bolan halyçylyk we keşdeçilik sungaty özüniň çuňňur manysy, pikir-garaýyşlaryň, arzuwlaryň, islegleriň siňdirilendigi bilen tapawutlanýar. Ussat zenanlaryň döreden el iş bezeglerinde ýaşaýşyň, bagtyň nyşanyny aňladýan nagyşlar çitilipdir.
Alaja işmek hem özboluşly hünär bolup, inçe hem nepis iş. Ilimizde: «Alaja aladyryn, nagşa läledirin» diýlişi ýaly, milli lybaslara, el işlerine, halydyr haly önümlerine aýratyn öwüşgin çaýýan alajanyň ak bilen gara sapaklardan işilmegine, örülmegine halkymyzda gije bilen gündiziň sazlaşygynyň beýany hökmünde garalýar.
Asyrlar aşyp, biziň günlerimize ýeten naýbaşy senetleriň biri-de eňsi dokamak sungatydyr. Özboluşlylygy, ajaýyplygy bilen, müňýyllyklardan miras galan bu zynatda milletiň beýik taryhy, gaýtalanmajak kämilligi, egsilmez buýsanjy bar. Alajalar milliligiň iň naýbaşysy hasaplanylýar. Alaja örmek gyzjagazlaryň ilkinji öwrenýän el işi bolansoň, bu ajaýyp sungat olarda uly gyzyklanma döredýär. Alajalar ak bilen gara ýa-da dürli reňkli sapaklardan örülip, ynsan durmuşyny, milli lybaslary bezeýän nepis sungatdyr. Aýratynam, alajalaryň dürli görnüşleri durmuşa çykýan gyzlaryň elbukjasyna, saçyna, ýakasyna gelşik berýär.
Ejegül Ruslanowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.