Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­me­niň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­ne we ola­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne örän uly sar­pa go­ýul­ýar.
Türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men ede­bi­ýa­tyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şa­hsyýetleriň bi­ri­dir. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy di­ňe bir türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň däl, eý­sem, bü­tin­dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na pug­ta or­naş­dy.
Akyl­da­ryň ede­bi mi­ra­sy­nyň ýo­ka­ry äh­mi­ýet­li ta­ra­py onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň halk pä­him­le­ri we halk dö­re­di­ji­li­gi bi­len te­bi­gy bag­la­ny­şyp gid­ýän­li­gi­dir. Şa­hy­ryň en­çe­me goş­gu­la­ry na­kyl­la­ra we ata­lar söz­le­ri­ne öw­rü­lip gi­dip­dir. Kä­bir my­sal­la­ra ýüz­le­ne­liň.

Gel, köň­lüm, men sa­ňa ne­si­hat ky­laý,
Wa­ta­ny terk edip gi­di­ji bol­ma.

Bu se­tir­ler­de Py­ra­gy Wa­ta­nyň mu­kad­des­li­gi­ni, on­da ýa­şa­ma­gyň, Wa­tan bi­len gal­ma­gyň bagt­dy­gy­ny ün­de­ýär.
Şeý­le hem şa­hyr «Ýar ge­rek­dir» at­ly goş­gu­syn­da:

Goç ýi­git­ler il üs­tün­de,
Na­mys bi­len ar ge­rek­dir –

di­ýip, il-hal­ka söý­gi­ni, Wa­ta­nyň, hal­kyň bäh­bi­di ug­run­da gö­reş­me­gi ün­de­ýär. Ata Wa­ta­ny go­ra­ma­gyň mu­kad­des­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Şa­hyr jo­mart, sa­hy, myh­man­sö­ýer, sup­ra ýa­ýyp, il-gü­ne hyz­mat ed­ýän ýi­git­le­ri wasp ed­ýär.
Şeý­le hem onuň ylym-bi­li­mi wa­gyz ed­ýän goş­gu­la­ry aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Çün­ki şa­hyr ylym öw­ren­me­giň, ki­tap oka­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da çuň­ňur be­ýan et­mek bi­len bir ha­tar­da ýaş­la­ra pent-ne­si­hat ed­ýär:

Adam bol­saň, gu­lak goý­gul öwü­de,
Alym­lar ýa­nyn­da söh­bet ýag­şy­dyr.

Şu se­tir­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, alym­la­ryň ýa­nyn­da bol­ma­gyň, ola­ryň ne­si­ha­ty­ny diň­le­me­giň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­ýär.
Şa­hy­ryň:

Ja­nym bi­ziň, So­ňu­da­gy,
Dag­dan­ly­dyr bi­liň se­niň

di­ýip, baş­la­ýan goş­gy se­tir­le­rin­de hem eziz Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­ga­ty, onuň gö­zel­li­gi wasp edil­ýär. Goş­gy­nyň ma­ny-maz­mu­ny di­ňe bir te­bi­gat bi­len bag­la­ny­şyk­ly däl, eý­sem, on­da kü­ren il­ler, ker­wen ýol­la­ry, umu­man, gö­zel ýer­le­riň ila­ty ha­kyn­da be­ýan edil­ýär.
Umu­man, bu gün Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi dün­ýä ýaň sal­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 24-nji ma­ýyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň Ýe­ri­ne Ýe­ti­ri­ji Ge­ňe­şi­niň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 216-njy mej­li­sin­de be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar ýy­gyn­dy­sy ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä ha­ky­da­sy» at­ly hal­ka­ra sa­na­wy­na go­şul­dy.
2024-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de, giň­den bel­le­nil­jek­di­gi be­ýik şa­hy­ra uly sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň my­sa­ly bo­lar. «Aja­ýyp şy­gyr­la­ry bi­len yn­san kal­by­ny ýag­şy­lyk nu­ru­na be­zän türk­me­niň akyl­dar og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mer­te­be­si türk­men hal­ky üçin iň be­lent­de go­ýul­ýan mu­kad­des­lik­le­riň bi­ri­dir» diý­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne ber­ýän be­lent ba­ha­sy Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şyn­da wa­jyp orun tut­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

La­çyn Sa­par­gel­di­ýe­wa,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 35-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri.