Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly belent maksatly işler göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda bu ulgamyň binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmaga we işjeňleşdirmäge niýetlenen «Energiýany tygşytlamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy» ýaly birnäçe maksatnamalaýyn resminamalar kabul edildi. Bu resminamalar döwletimiziň elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ulgamyň ýeterlik derejede ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagynyň düýpgöter özgerdilmeginiň netijesinde, uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. Bu pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda elektroenergetika pudagynda 12 sany elektrik stansiýasy hereket edýär. Olaryň umumy kuwwaty 7000 megawata deňdir. Taryh üçin gysga döwürde ýokary görkezijilere eýe bolan elektrik stansiýalarynyň ulanyşa girizilmegi pudagyň ýeten belent sepgitlerine aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu elektrik stansiýalary netijeli işledilip, ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy öndürilýär. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Geljekde pudak tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug we gaz dolanyşykly elektrik stansiýalaryna öwürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek bu ulgamyň öňünde derwaýys wezipeleriň biri hökmünde garalýar.
Golaýda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny has-da ýokary sepgitlere ýetirjek ýene-de bir möhüm iri taslamanyň düýbi tutuldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak döwrebap elektrik stansiýasynyň önümçilik kuwwaty 1574 megawata deň bolar. Bu ýerde utgaşykly hem gaz hem-de bug turbinalar oturdylar. Şeýle iri taslamanyň biri Mary welaýatynyň çäginde gurlup ulanmaga berlipdi. Täze elektrik stansiýasy senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär.
Türkmenistanda bitewi energetika halkasynyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Taslamanyň esasy bölekleriniň biri bitewi energetika halkasyny döretmäge niýetlenilen Mary–Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Bitewi energiýa halkasynyň döredilmegi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň energetika ulgamlarynyň arasyndaky özara ätiýaçlandyryşa mümkinçilik berer. Balkan-Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň demirgazygynda Daşoguz şäherinde ýerleşen iri döwlet elektrik bekediniň öndürýän elektrik energiýasyny kabul etmäge we paýlamaga mümkinçilik berjek täze kiçi elektrik bekediň gurluşygyny hem dowam etdirýärler. Ýeri gelende bellesek, Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda taslamanyň birinji tapgyry 421 kilometr uzynlygy bolan Ahal we Balkan sebitleriniň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen tamamlanypdy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyrylyp, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Bilşimiz ýaly, indi köp ýyllardan bäri türkmen energetika ulgamy bilen sebitiň birleşen energetika ulgamynyň arasynda elektrik baglanyşygy bar. Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisi boýunça elektrik energiýasynyň eksportyna niýetlenen «elektrik köprüsi» bardyr. Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň beýleki ugurlar boýunça, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasyna we Täjigistan Respublikasyna eksport edilmeginiň geljegine uly umyt baglanýar.
Gyzylgül Annaýarowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.