2024-nji ýyl­da suw­dan aşak­da­ky bö­le­gi 4 metr­den gow­rak bo­lan gä­mi­ler Wol­ga-Ha­zar deň­zi gä­mi ka­na­lyn­dan ge­çip baş­lar. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry And­reý Be­lou­sow «Ulag hep­de­si 2023» fo­ru­my­nyň çä­gin­dä­ki «Rus­si­ýa 2035: tä­ze ulag yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ta­rap» at­ly ple­nar mej­li­sin­de aýt­dy.
— Bu — köp zäh­me­ti, bel­ki-de bu bö­lüm­dä­ki äh­li güý­ji ta­lap ed­ýän iş­le­riň uly top­lu­my. Em­ma ka­na­lyň özi ýurt­da­ky ýük aky­my­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni düýp­gö­ter üýt­ge­der. Eý­ýäm ýük da­şaý­jy­lar bu ugur bo­ýun­ça Eý­ra­na ha­ryt ibe­rip baş­la­mak üçin no­ba­ta dur­ýar­lar — di­ýip, ol bel­le­di. «Росморпорт» (Rus­si­ýa­nyň de­ňiz por­ty) Fe­de­ral döw­let uni­tar kär­ha­na­sy­nyň baş di­rek­to­ry Ser­geý Py­li­niň söz­le­ri­ne gö­rä, Wol­ga—Ha­zar deň­zi gä­mi ka­na­ly­nyň düý­bü­ni çuň­laş­dyr­mak iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de 10 mil­li­on kub­metr­den gow­rak top­rak gö­te­ri­lip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu işe dür­li gör­nüş­dä­ki gä­mi­le­riň 18-si gat­na­şyp­dyr.
— Öň­ki tap­gyr­lar­da şeý­le iş­le­riň göw­rü­mi, tak­my­nan, 3 mil­li­on kub­metr bo­lup, ge­çen ýyl 5 mil­li­on kub­met­re ýet­di. Ga­zuw iş­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi­niň esa­sy se­bä­bi bol­sa Ha­zar deň­zi­niň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Ol her ýyl or­ta­ça 20 san­ti­metr aşak düş­ýär — di­ýip, Py­lin nyg­ta­ýar.
Ge­çi­ri­len iş­le­riň tä­si­ri Ast­ra­han se­bi­ti­niň Se­na­gat, söw­da we ener­gi­ýa mi­nistr­li­gin­de-de du­ýul­dy. Bu ýer­de 2023-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Rus­si­ýa­nyň Ha­zar bas­seý­nin­dä­ki ýük port­la­ry­nyň ýük do­la­ny­şy­gy­nyň ýo­kar­la­nan­dy­gy hem bel­le­nip ge­çil­di. Ast­ra­han port­la­ryn­da bu işiň ösüş dep­gi­ni 58%, Ol­ýa por­tun­da 15%, Ma­haç­ka­la por­tun­da bol­sa 18% bol­dy. Gä­mi do­la­ny­şy­gy 87% ýo­kar­lan­dy. Kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin Wol­ga—Ha­zar deň­zi gä­mi ka­na­ly­nyň dur­ku­nyň tä­ze­len­me­gi­niň 2027-nji ýy­la çen­li me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi bel­len­ýär. Bu ba­ra­da aw­tou­lag.gov.tm ha­bar be­ril­ýär.