Hä­zir­ki wagt­da de­giş­li dü­züm­ler he­re­ket ed­ýän yla­la­şyk­lar esa­syn­da, da­şa­ry ýurt­la­ryň ta­ny­mal yl­my mer­kez­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni düýp­li öw­ren­mek we gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek ug­run­da ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Bu ugur­da­ky top­lum­la­ýyn iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2022-nji ýy­lyň 8-nji ap­re­lin­de çy­ka­ran Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan “Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­rin­de ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­la­ryň do­wa­myn­da soň­ky ýyl­lar­da top­la­nan mag­lu­mat­la­ry dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­la­ry­nyň öz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na “Asyr­la­ryň yz­la­ry” at­ly hal­ka­ra yl­my ýy­gyn­dy­ny türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de ne­şir et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu tä­ze ne­şir giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi, şol san­da da­şa­ry ýurt­ly oky­jy­lar üçin ni­ýet­len­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ne­şi­ri Azi­ýa, Ýew­ro­pa we Ame­ri­ka yk­lym­la­ry­nyň iri yl­my mer­kez­le­ri­niň ki­tap­ha­na­la­ry­na iber­mek, onuň elekt­ron gör­nü­şi­ni in­ter­net ar­ka­ly oky­jy­la­ra el­ýe­ter­li et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Tä­ze ne­şi­riň re­dak­si­on ge­ňe­şi­niň dü­zü­mi­ne türk­men alym­la­ry we bi­ler­men­le­ri bi­len bir ha­tar­da, Fran­si­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň meş­hur bi­ler­men­le­ri, alym­la­ry go­şu­lan­dyr. Bu ba­ra­da 30-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa ha­sa­bat ber­di.