Fransiýanyň bilim ministri Gabriel Attal Prezident Emmanuel Makronyň karary bilen Premýer-ministr wezipesine bellendi. Bu barada BFMTV teleýaýlymy habar berdi. 8-nji ýanwarda 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri bu wezipesini eýeläp gelýän Elizabet Born wezipesinden çekilýändigini mälim edipdi.
Şeýlelikde, 34 ýaşly Attal Fransiýanyň taryhynda iň ýaş hökümet ýolbaşçysy boldy. Mundan ozal, 1984-nji ýylda Laurent Fabius 37 ýaşynda Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesine bellenipdi. Attal 1989-njy ýylyň 16-njy martynda Parižiň etegindäki Klamar şäherçesinde dünýä indi. Onuň kakasy, aklawçy Iw Attal tunisli ýewreý maşgalasynda dünýä indi, ejesi önümçilik kompaniýasynda işleýän prawoslaw hristian Mari de Kursis Odessadan Fransiýa göçüp gelen akýagyz emigrant maşgalasyndandy. Ol paýtagtyň Syýasy ylymlar institutynda bilim aldy. Şeýle hem, Pariž II uniwersitetinden (Pantheon-Assas) hukuk boýunça hünärmen derejesini alýar.
Attal özüniň syýasy karýerasyna Sosialistik partiýanyň hataryndan başlady. Makron “Respublika ýörişde” hereketini döredeninden soň, Attal onuň esasy agzasy we döwlet Baştutanynyň ýakyn hyzmatdaşy boldy. Ýaş syýasatçy şol herekete agza bolandan soň parlamente saýlandy. 2020-nji ýylda Makronyň teklibi bilen Attal döwlet sekretary hem-de hökümetiň resmi wekili boldy.
Ol 2022-nji ýylyň maý aýynda Ykdysadyýet ministrliginde döwlet hasaplaryna jogapkär ministr wezipesine bellendi. 2023-nji ýylyň iýulynda oňa Bilim ministrligine ýolbaşçylyk etmek ynanyldy. Bu wezipelerde Attal başarnykly, gujurly we maksada okgunly syýasatçy hökmünde özüni tanatdy. Syýasy bilermenler Attalyň täze wezipesindäki esasy maksatlarynyň biri, dolandyryjy “Renessans” partiýasynyň iýun aýynda Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlarynda üstünlik gazanmagyny üpjün etmekden ybarat boljakdygyny çaklaýarlar.