Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary bu günki gün dünýä çykýar. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň nepis halysydyr. Özüniň owadanlygy, inçeden kaşaňlygy bilen görenleri maýyl edýän türkmen halysy özüniň ajaýyp keşbi bilen dünýä bellidir. Ol özüniň reňki, nusgasy, berkligi we mäkämligi bilen tapawutlanýar.
Türkmen halky halyny özüniň ajaýyp nagyşlarydyr nusgalary bilen asyrlardan bäri dokap gelýär. Türkmen halysynyň her inedördül metrinde millionlarça çitim bolup, ol özüniň berkligi bilen meşhurdyr. Haly goýnuň dürli görnüşdäki ýüňünden dokalýar. Türkmen halysy sungatyň ajaýyp öwüşginlerini özünde jemleýän sungat ussatlary – türkmen zenanlarynyň el hünäridir. Türkmen zenanlary özleriniň milliligini «teke», «ýomut», «saryk», «çowdur», «ärsary» ýaly haly göllerinde jemlemek bilen, al-ýaşyl öwüsýän baýyrlaryny, ürgün çägeli sähralygyny, guba gazly deňizdir derýalarynyň reňklerini beýan edipdirler. Ajaýyp hem gaýtalanmajak şekilleri özünde jemleýän türkmen halylaryna seredip, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda şeýle inçe senedi döredendiklerine haýran galýarsyň. Türkmen halyçy gelin-gyzlary hiç hili ölçeg birligi bolmazdan anyk çyzgy kadalara boýun egýän we ajaýyplygy bilen tapawutlanýan dürli halylary döredipdirler. Haly türkmen halkynyň durmuşynda gadymdan bäri meşhur bolup gelýän nepis sungat bolup, müňlerçe ýyl mundan ozal haly dokamaga başlanypdyr. Arheologlaryň Sumbar jülgesinden haly keserlerini tapmagy halyçylygyň gadymy döwürlerden öz gözbaşyny alyp gaýdandygyna şaýatlyk edýär. Haly sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hem Pazyryk halysydyr. Ol Altaýyň Pazyryk depesinden tapyldy. Onuň dokalanyna, takmynan, iki ýarym müň ýyl bolandygyny alymlar tassyklaýarlar.
Haly halk döredijiliginiň gelin-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýän görnüşlerine özüniň çeper keşbini siňdiripdir. Ol gelin-gyzlar tarapyndan aýdylýan şygyrlarda öz beýanyny tapypdyr:
Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly,
Halysynyň kenary,
On barmagyň hünäri…
Gelin-gyzlaryň ýüreginden syzyp çykan, uz elleriň önümi bolan halylar özüniň owadanlygy, nepisligi, inçeden gelşikliligi bilen dünýäni haýrana goýýar. Häzirki döwürde halyçylyk sungatyna örän uly üns, ýokary baha berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň işlemegi, halynyň täzeçe nagyşlaryny oýlap tapmagy we dokamagy üçin döwrebap şertler döredilýär. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli öňdebaryjy halyçy gelin-gyzlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakylýar. Şeýle hem baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halysynyň at-owazasyny dünýä ýaýramagynda uly işleri durmuşa geçirýän hem-de döwrebap şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.
Jemal Muhammedowa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphanaçylyk işi bölüminiň mugallymy.