Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry ösüş­ler üçin eg­sil­mez çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hem hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp kä­mil­le­şen me­de­ni­ýe­ti, di­li, ede­bi­ýa­ty, sun­ga­ty, ta­ry­hy we ga­dy­my mil­li mi­ra­sy yl­my taý­dan iç­gin öw­re­nil­ýär. Gahryman Arkadagymyz: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy adam­za­da tä­miz ruh­ly, şi­rin zy­ban­ly aja­ýyp şy­gyr­la­ry mi­ras gal­dy­ran akyl­dar şa­hyr­dyr. Bu gün­ki gün adam­zat türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ha­ty­ra­sy­ny be­lent­de tu­tup, be­ýik söz us­sa­dy­nyň şy­gyr­la­ryn­dan eg­sil­mez yl­ham, ru­hy güýç al­ýar» di­ýip bel­le­mek bi­len, da­na şa­hy­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­niň uç-gy­rak­syz um­man­dy­gy­ny we onuň çuň­ňur öw­re­nil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar.
Be­ýik akyl­da­ry­my­zyň «Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýen gö­wün is­le­gi bu gün­ki gün wy­sa­ly­na go­wuş­dy. Bi­ze Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň eş­ret-hö­zi­ri­ni gör­mek bag­ty mi­ýes­ser et­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry» at­ly ki­ta­byn­da: «Be­ýik akyl­dar öz dö­re­di­ji­li­gin­de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň syn­maz sü­tün­le­ri­ne öw­rü­len mö­hüm sy­ýa­sy-fi­lo­so­fik, jem­gy­ýet­çi­lik-yn­san­per­wer­lik we ru­hy-ah­lak ga­ra­ýyş­la­ry­ny öňe sür­di. Nus­ga­wy şa­hy­ryň bi­ze go­ýup gi­den mi­ra­sy öz­bo­luş­ly ter­bi­ýe mek­de­bi­dir» di­ýip bel­le­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çe­per dö­re­di­ji­li­gi uly ter­bi­ýe­çi­lik mek­de­bi­dir. Da­na şa­hy­ryň öwüt-ün­de­we ýug­ru­lan şy­gyr­la­ryn­da şah­sy­ýet, maş­ga­la, dün­ýä bi­len bag­ly kä­mil pi­kir­ler öňe sü­rül­ýär.
Ýy­ly­my­zyň ga­nat­ly şy­ga­ry di­ňe bir me­de­ni­ýet, sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni däl, il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri­ni hormatly Prezidentimiziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen tu­tum­ly ýö­rel­ge­sin­den ge­lip çyk­ýan aý­dyň mak­sat­la­ry asyl­ly iş­ler, aja­ýyp eser­ler ar­ka­ly çe­per wasp et­mek­li­ge hy­juw­lan­dyr­ýar.
Da­na şa­hyr ag­zy­bir, öz­baş­dak döw­le­tiň ýok­du­gy üçin hal­kyň şeý­le hor­luk­la­ra, je­bir-sü­te­me se­ze­war bol­ýan­dy­gy­na akyl ýe­ti­rip­dir. Şo­nuň üçin hem şa­hyr «Türk­me­niň», «Dö­ker bol­duk ýa­şy­myz», «Öňi-ar­dy bi­lin­mez», «Türk­men bi­na­sy», «Gi­di­ji bol­ma», «Il ýag­şy», «Ýyk­ma­ýan är­den» ýa­ly goş­gu­la­ryn­da türk­men hal­ky­ny bir­leş­mä­ge – bir sa­ça­gyň ba­şy­na jem bol­ma­ga ça­gy­ryp­dyr:
Gur­du­gym as­lyn­da bil­gil, bu ze­mi­niň my­hy­dyr,
Erer ol er­kin my­dam, bu­dur türk­men bi­na­sy.
Söz äle­mi­niň us­sa­dy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da hal­ky­my­zyň ga­raş­syz­ly­gy­ny, öz­baş­dak­ly­gy­ny, çäk bi­te­wü­li­gi­ni ar­zuw­lan şa­hyr hök­mün­de ta­nal­ýar. Ol döw­rüň sy­ýa­sy ga­za­nyn­da gaý­nap, äh­li türk­men­le­ri bir­leş­di­rip, öz­baş­dak türk­men döw­le­ti­niň dö­re­dil­me­gi­ni ar­zuw eden wa­tan­sö­ýü­ji şa­hyr­dyr. Bu pi­kir şa­hy­ryň beý­le­ki şy­gyr­la­ry bi­len bir­lik­de, «Dö­ker bol­duk ýa­şy­myz» goş­gu­sy­nyň için­den hem eriş-ar­gaç bo­lup ge­çip­dir.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ata Wa­ta­ny­ny ja­ny-te­ni bi­len sö­ýüp­dir. Hal­ky wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge ça­gy­ryp, en­çe­me goş­gu­la­ry dö­re­dip­dir. Ag­zy­bir­lik­de ge­rek bo­lan esa­sy zat­la­ry bir döw­let­li­lik, bir ba­şa bak­mak ha­sap­lan be­ýik Py­ra­gy bir­leş­mek me­ýil­le­ri­ni özü­niň ede­bi­ýat meý­da­nyn­da uly yz gal­dy­ran «Dö­ker bol­duk ýa­şy­myz», «Il bi­lä­ni», «Türk­me­niň» ýa­ly şy­gyr­la­ryn­da çe­per be­ýan edip­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hal­ky­myz bir ba­şa, bir döw­le­te gul­luk et­se, on­da onuň öňün­de hiç bir güý­jüň du­rup bil­me­je­gi­ne çuň­ňur göz ýe­ti­rip:
Türk­men­ler bag­la­sa bir ýe­re bi­li,
Gu­ru­dar Gul­zu­my, der­ýa­ýy-Ni­li,
Te­ke, ýo­mut, gök­leň, ýa­zyr, ali­li,
Bir döw­le­te gul­luk et­sek bä­şi­miz
di­ýip, çe­per be­ýan edip­dir.
Akyl­da­ryň «Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­sa aş­lar, gö­te­ri­ler ol yk­ba­ly türk­me­niň» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap bar­ýar. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ne uly sar­pa goý­lup, ony dün­ýä ýaý­mak­da ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dy­ryp, buý­san­dyr­ýan asyl­ly, döw­let­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun.

Ta­gan­dur­dy TA­GAN­DUR­DY­ÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.