Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, onuň enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, ençeme zerur çäreler durmuşa geçirildi. Şunda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga, howa gämileriniň düzümini dowamly döwrebaplaşdyrmaga we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtamak zerur. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing» kysymly howa gämileriniň jemi altysyny satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy, şeýle-de ABŞ-nyň «TMHCC-AIR 1 LLC» we «TMHCC-AIR 2 LLC» kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar bermek barada gol çeken Kararlary pudagy ösdürmekde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
Ulag düzümlerinden awiasiýa pudagy ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak bilen birlikde, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy girdeji çeşmeleriniň biri bolup durýar. Uçarlaryň häzirki zaman parkynyň üstüniň ýetirilip durulmagy bu agentligiň ýerli we halkara ýolagçy hem ýük gatnatmakdaky mümkinçiligini-de artdyrýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi we onuň ilkinji uçuşynyň şu ýylyň 5-nji ýanwarynda amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Gürrüňi edilýän ugur boýunça uçar gatnawynyň gaýtadan dikeldilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine saparyna gabat gelmegi-de özboluşly mana eýe bolup, ol pudagy ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyz bilen Jidda, Kuala-Lumpur, Hoşimin ýaly şäherleriň arasynda hem yzygiderli ýolagçy gatnawlar ýola goýuldy. Şeýle halkara gatnawlar, islendik ýurt üçin bolşy ýaly, biziň ýurdumyz üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, dürli ýyllarda we yzygiderlilikde iň kämil ýolagçydyr ýük uçarlary bilen ýurdumyzyň awiasiýa parkynyň üstüniň ýetirilmegi pudagyň işini has-da ilerletdi. Häzirki wagtda hereket edýän, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan Halkara howa menzilleri içerkidir halkara howa gatnawlarynyň ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy hem pudagy ösdürmek we daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmek babatda ädilen derwaýys ädimdir. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek, 200-e golaý işgäri özünde jemlejek, uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagyny, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdançany özünde birikdirjek täze howa menzili gurlup ulanmaga berlenden soňra, ol ýurdumyzda gurlan bäşinji Halkara howa menzili bolar. Bilşimiz ýaly, ozal Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde döwrebap Halkara howa menzilleri gurlup, olar häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribelerini özünde jemleýär.
Daşary ýurtly awiakompaniýalaryň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin Türkmenistanyň howa giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary barha artýar. Howa gatnawlarynyň işjeňligi hem yzygiderli ösýär, çünki awiakompaniýalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş we nawigasiýa tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi makul bilýärler.
Äsalhan KÄRIMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.