Türkmen sährasy ösümlik dünýäsine örän baý. Ösümlik dünýäsiniň bu ajaýyp wekiliniň biri hem düýedabandyr. Düýedaban lukmançylyk ylmynda peýdalanylýan, adam saglygyna peýdaly ösümlikleriň biridir.
Haşal dermanlyk ösümlik bolan düýedabanyň dünýäde 240 görnüşi, Türkmenistanda bolsa 13 görnüşi duş gelýär. Ylmy gözlegler esasynda ösümligiň gipoglihimiki we antibakterial häsiýetlerini ýüze çykardy. Düýedaban irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ýarany bejermekde, çişmä garşy derman hökmünde tebipler we lukmanlar tarapyndan giňden ulanylýar.
Türkmenistanda köp ýaýran we ähli suwarylýan ýerlerde gögerýän düýedabanyň reňki ýaşyl, ajy we ýakymsyz tagamy bar. Ösümlikde saponinler, triterpanoidlar, alkalidler, katekinler we flawanoidlar tapyldy. Ýapraklarynyň sapaklarynda uglewodlar, krahmal, sakgyç, efir ýagy, C we K witaminleri, fenol uglerod kislotalary, kumarinler bar.
Düýedaban Antarktikadan başga Ýer ýüzüniň ähli yklymlarynda duş gelýär. Ýöne, esasan, tropiki ýerleriň, subtropik ýerleriň we ýyly howa zolaklarynyň gurak sebitlerinde köp ýaýrandyr. Düýedabanyň ähli görnüşiniň hem dermanlyk häsiýeti meňzeş. Dermanlyk üçin düýedabanyň baldagy, ýapragy, miwesi, köki ulanylýar. Ol 20-den gowrak keseli bejermekde ulanylýar. “Düýedaban” diýilmeginiň sebäbi, onuň ýapraklary goşa-goşadan ýerleşip, düýäniň dabanyna meňzeýär.
1954 – 1955-nji ýyllarda Türkmenistanda trahoma garşy köpçülikleýin göreş alnyp barlanda, Garrygala etrabynda bir ýaşuly tebip adamyň düýedabanyň suwuny damdyryp, bu keseliň öňüni almaga uly goşant goşandygy aýdylýar. Şondan soň tebiplerde, alymlarda we lukmanlarda düýedaban barada gyzyklanma döredi. Ösümlik örän köp keseliň bejerilmeginde – peşew haltasynyň kesellerinde, guragyryda, deri sökelliklerinde, soguljanyň garşysyna serişde hökmünde peýdalanylýar.
Bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň II jildinde gymmatly maglumat berilýär.
Ýurdumyzyň dag eteklerinde, derýa boýlarynda, sähralarda bitýän ösümlikleriň köpüsi dermanlyk häsiýete eýedir. Düýedaban hem şolaryň biri bolup, sowuklama, aşgazan-içege kesellerine, peşew ýol kesellerine, deri kesellerine, göz agyryna, bogun agyrylaryna nepi degýändigi bellenilýär.

Güljan Annamyradowa, Türkmenistanyň Oguz adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.