Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Fewral aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Bu umumymilli forumda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin milli maksatnamasy kabul edildi.
Ýurdumyzyň esasy wakasyna öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine girizilen meseleler türkmen döwletini we jemgyýetini mundan-da beýläkde hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegiň, onuň hem esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň, uzakmöhletleýin gelejegi nazara almak bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeler goýuldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda çuň manyly çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllary üçinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda bellemek bilen Garaşsyz Watanymyzda 30 ýylda gazanylan ýokary netijeler, geljek 30 ýyllyk Milli aksatnamada göz öňünde tutulan ähli işleri durmuşa geçirmekde uly badalga berer diýip belläp geçdi. Ýurdumyzyň geljekki ösüş döwri “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýlip atlandyryldy. Şol esasynda Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy taýýarlandy. Uzak gelejegi nazarlaýan bu Milli maksatnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzy mundan-da beýläk ähli taraplaýyn ösdürmeginiň, Watanymyzyň rowaçlanmagynyň, halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy ugrynda berk binýat bolar.
Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ösdürmekde, maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmakda ýaşlarymyzyň uly ornunyň bardygyny, ýurdumyzyň röwşen gelejeginiň ertirki eýeleri bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy üçin mundan beýläk uly alada ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstine almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada teklibi aýtmak bilen “Ýaşlar biziň gelejegimiz, şu günümiz” diýip ýaşlarymyza giň ýol açdy.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm şanly waka bolan bu umumymilli forumda kabul edilen taryhy çözgütler her bir türkmenistanlyny begendirýär, buýsandyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri etrabymyzdaky beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy çözgütlerini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça bar ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Häzirki wagtda hem Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň türkmen halkynyň durmuşynda tutýan orny, onuň ähmiýeti dogrusynda ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýäris. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylygy, abadançylygy, bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän her bir döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni