Braziliýa ýeňiş bilen başlamak başartmady

3

Dünýä Kubogynyň “C” toparçadaky ilkinji duşuşygynda köpleriň garaşýan oýnunda Braziliýa bilen Marokkonyň ýygyndylary güýç synanyşdy. Finalyň geçiriljek stadionynda oýnalan oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşygyň 21-nji minutynda Ismael Saibari marokkolylary öňe saýlady. Sambaçylaryň bu gola jogaby gijikmedi. 32-nji minutda Winisisu Junior owadan gol bilen hasaby deňledi.
Ikinji ýarymda-da üýtgän zat bolmady. Oýnuň soňky minutlarynda Afrikanyň wekiline öňe geçmek üçin mümkinçilik bolsa-da, bu olara başartmady. Duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, braziller ýeňiş bilen başlap bilmedi. Ýöne muňa garamazdan, Braziliýanyň 1938-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän Dünýä Kubogynda 1-nji duşuşyklaryndaky ýeňlişsiz başlangyjy 21 oýna çykdy. Ýagny Braziliýa soňky gezek 1934-nji ýylda 1-nji duşuşygynda Ispaniýadan asgyn gelipdi. Şondan bäri 17 gezek ýeňiş bilen başlan Braziliýa 4-nji saparam deňme-deňlik bilen başlady.

“C” toparça

BRAZILIÝA – MAROKKO: 1-1

Winisius Junior 32 – Ismael Saibari 21