Beýik Britaniýanyň daşary işler we halkara ösüş ministri Dewid Kemeron Merkezi Aziýa sapar etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “newscentralasia” web saýty Kemeronyň ýurduň parlamentinde eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi.
-Biz bütin dünýäde bileleşikdir hyzmatdaşlyk ulgamlarymyzy berkitmäge tagalla edýäris. Şoňa görä, Merkezi Aziýa özara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin iň amatly sebitleriň biridir. Men Merkezi Aziýanyň dürli sebitlerinde bolup, pudaklar, kärhanalar, jemgyýetçilik guramalary we bilim edaralary bilen tegelek stol maslahatlaryny geçirmegi meýilleşdirýärin – diýip, Beýik Britaniýanyň daşary işler we halkara ösüş ministri Dewid Kemeron öz çykyşynda belledi.
2023-nji ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň daşary işler boýunça parlament komiteti “Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygy” atly hasabatyny çap etdi. Hasabatda Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygyny çuňlaşdyrmagynyň zerurdygyna üns çekilip, bu hyzmatdaşlygyň özara peýdaly bolmak mümkinçiligine we geosyýasy zerurlygyna ähmiýet berilýär.
Resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biri bilen aragatnaşyklary pugtalandyrmakda özara bähbitleriň mümkinçiligi nazara alnyp, üýtgeýän geosyýasy, demografiki, ykdysady we daşky gurşaw şertlerinde şeýle gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygy bellenilýär.