Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri H.Hudaýgulyýew 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä emeli aň boýunça maslahatda (WAIC 2026) eden çykyşynda ýurdumyzda emeli aň boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak ugrunda iş alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu resminama innowasiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we ylmy-barlag işlerini ösdürmek üçin esasy binýat bolar.
Ministriň bellemegine görä, taýýarlanylýan Strategiýada halkara ülňülerine laýyklykda howpsuzlyk, etika, şahsy maglumatlaryň goragy hem-de algoritmleriň açyk-aýdyňlygy meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem ol emeli aňyň saglygy goraýyş, bilim, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda, suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda we daşky gurşawy goramakda uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
«Emeli aňyň geljegi hyzmatdaşlyga we umumy jogapkärçilige esaslanmalydyr. Döwletleriň, ylmy jemgyýetçiligiň we işewürligiň tagallalaryny birleşdiren ýagdaýymyzda, biz bu tehnologiýalary adamzadyň bähbidine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirip bileris» — diýip, ministr aýtdy we Türkmenistanyň sanly infrastrukturany ösdürmek, häzirki zaman maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini döretmek, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak hem-de emeli aň tehnologiýalaryny jogapkärçilikli, howpsuz we ahlak kadalaryna laýyk ulanmagy ilerletmek ugrunda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
Çeşme: mincom.gov.tm