Dünýäniň iň uly bölek söwda kompaniýalarynyň biri bolan “Alibaba” Günorta Amerika ýurtlarynda has köp taslamany durmuşa geçirer. Müşderilere satyn alan harytlaryny salgysyna eltip bermegi bilen tanalýan hytaý brendiniň logistika bölümini amala aşyrýan “Cainiao” Braziliýada bukja paýlaýjy merkezini açmagy meýilleşdirýär. Mundan ozal kompaniýanyň Meksikada we Çilide sebitleýin paýlaýyş merkezleri bardy. Kompaniýa geljek üç ýylyň dowamynda Günorta Amerikanyň 10 şäherinde 1 müň sany “akylly sandyk” gurmagy meýilleşdirýär.
“Alibaba” Braziliýada täze desga bilen bir hatarda 7 ştatda 9 paýlaýyş merkezi açar. “Akylly sandyklar” bolsa, müşderileriň elektron usulda sargyt edilen bukjalaryny almaklaryna mümkinçilik berýär. “Akylly sandyklar”, esasan, Hytaýda pandemiýa döwründe ýaýbaňlanyp, adamlaryň arasyndaky galtaşygy azaltmaga ýardam edipdi.