Zenan futbolynyň transferinde täze rekord goýuldy. Angliýanyň “Arsenal” kluby ýurduň başga bir topary “Liwerpuldan” kanadaly Oliwiýa Smiti düzümine goşdy. Londonlylar 20 ýaşyndaky hüjümçi üçin “Liwerpul” toparyna 1 million funt sterling ýagny, 1 million 157 müň ýewro pul berer. Şeýlelikde, Oliwiýa Smit zenan futbolynyň taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alyndy. Bu ugurda ozalky rekord amerikaly goragçy Naomi Girma degişlidi. “Çelsi” 25 ýaşyndaky futbolçyny şu ýylyň başynda “San Diego Weýwden” 883 müň funt sterlinge (1 million 50 müň ýewro) transfer edipdi.

Oliwiýa Smit “Arsenal” topary bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol geçen möwsüm “Liwerpulda” 19 oýunda 7 gol geçiripdi.