Londonyň “Arsenal” topary ispan kluby “Real Sosiedaddan” ýarymgoragçy Martin Zubimendini transfer etdi. “Arsenalyň” kassasyndan bu transfer üçin umumylykda 65 million ýewro çykar. 26 ýaşyndaky ispan futbolçysy “Arsenal” bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama gol çekişdi. 2016-njy ýylda “Real Sosiedad B” toparynda futbola başlan Zubimendi san-sebastianlylaryň düzüminde 236 duşuşykda 10 gezek tapawutlandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynda hem çykyş edýän Zubimendi matadorlaryň köýnekçesini 19 oýunda geýdi. Zubimendi “Arsenalda” 36-njy belgili köýnekçäni geýer. “Arsenal” geçen tomusda-da “Real Sosiedaddan” Mikel Merinony transfer edipdi. Norwegiýaly oýunçy Martin Edegor hem 2020-nji ýylda “Real Madridden” “Arsenala” geçmezden öň “Real Sosiedadda” kärendesine oýnapdy.