Kebelekler hem edil arylar ýaly tozanlandyrma işini alyp barýan mör-möjekler hasaplanýar.
Kebelek köpelmek üçin bir gezekde milliona golaý ýumurtga taşlaýar. Kebelegiň kemala gelşi 4 döwre bölünýär.
Kebelegiň iň çylşyrymly agzasy gözi bolup, 6 müň linzadan ybarat.
Bu mör-möjekler eşitmeýär, emma daş-töweregindäki hereketleri ýokary derejede duýýarlar.
Kebelegiň käbir görnüşi sagatda 60 kilometr tizlik bilen uçup bilýär.
Kebelek howpdan goranmak üçin jansyz ýaly bolup ýatýar.
Kebelekler rahatlandyryjy mör-möjek hasaplanýar. Şonuň üçin köp öýlerde, dynç alyş merkezlerinde we hassahanalarda kebelekli aýna gaplar saklanýar.