UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalyň jogap oýunlary geçirilip, çärýek finala çykan toparlar belli boldy. Çempionlygyň dalaşgärlerinden “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Real Sosiedaddan” 4-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda iňlis klubunyň gollarynyň 3-sini Bruno Fernandeş geçirdi. Ol 16-njy we 50-nji minutlarda penaltiden hem-de 87-nji minutda tapawutlandy. Mankunianlaryň 4-nji goluny-da başga bir portugal futbolçysy Dalot öz adyna ýazdyrdy. Bir hepde öň oýnalan 1-nji duşuşyk deňlikde tamamlanypdy (1-1). 10-njy minutda Oýarzabalyň penalti goly bilen öňe geçen ispan klubunda Jon Aramburu 63-nji minutda gyzyl kart aldy.
Angliýanyň ýene bir wekili “Tottenham” hem ýoluny dowam edip, ol “AZ Alkmaary” Odobert (26, 74) hem-de Meddisonyň (48) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Londonlylar 1-nji duşuşykda 1-0 hasabynda utulypdy. “AZ Alkmaaryň” ýeke-täk goluny-da Peer Kopmeýners geçirdi.