Go­laý­da Ýa­po­ni­ýa Mars pla­ne­ta­sy­nyň iki sa­ny hem­ra­sy­na kos­mos gä­mi­si­ni ug­rat­dy. Ýur­duň Ae­ro­kos­mos açyş­lary agent­li­gi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de iş­le­nip düzülen «Mar­ti­an Moons eXplo­ra­ti­on» (MMX) at­ly kos­mos en­ja­my bi­len Gy­zyl pla­ne­ta­nyň Fo­bos hem-de Deý­mos at­ly hem­ra­la­ry öw­re­ni­ler. Il­kin­ji no­bat­da Fo­bos­dan al­nan nus­ga­la­ryň 2031-nji ýy­la çen­li Ýe­re ge­ti­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mar­syň je­mi iki sa­ny hem­ra­sy bo­lup, mun­dan ozal olar­dan nus­ga alyn­man­dy. Kos­mos gä­mi­si gel­jek ýy­lyň aw­gus­tyn­da as­man ji­si­mi­ne ba­ryp ýe­ter we ol ýer­de 3 ýy­l bo­lar.
Mun­dan ozal Ýa­po­ni­ýa ki­çi as­man ji­sim­le­rin­den top­rak nus­ga­la­ry­ny ge­ti­rip­di. Em­ma Fo­bos has ki­çi bo­lan­soň, dar­tyş güý­ji pes. Bu bol­sa ast­ro­nom­la­ra ozal­ky­lar­dan has kyn we jo­gap­kär­çi­lik­li işiň ga­raş­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ulu­ly­gy 22,5 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu as­man ji­si­mi­niň üs­tün­de te­kiz ýer az. Kos­mos gä­mi­si bi­le­lik­dä­ki fran­suz-ne­mes önü­mi bo­lan IDE­FIX at­ly en­ja­my Fo­bo­syň ýü­zü­ne gon­du­rar. Dört ti­gir­li bu ulag ters düň­de­ri­len­de-de gaý­ta­dan di­ke­lip bil­jek ýag­daý­da tas­la­nyp­dyr. Fobosyň üstünde IDE­FIX bi­len 100 gün tö­we­re­gi bar­lag iş­le­ri ge­çi­ri­len­den soň­ra, beý­le­ki esa­sy bar­lag en­ja­my­nyň gon­ma­gy üçin ýer kes­git­le­ner.

Umbar Amandurdyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.