Hytaýyň Taýşan dagynyň eteklerinde dört aýakly robotlaryň ýaryşy geçirildi. Arkasy ýükli robotlar basgançaklardan we nätekiz ýerlerden ýöremeli boldular. Dürli ugurlarda geçirilen bu ýaryşa robot işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kompaniýalardan, ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag institutlaryndan toparlar gatnaşdylar.
«Zhishen Technology» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan robot ýüksüz kategoriýada umumy uzynlygy 3,8 kilometr bolan ýoly 1 sagatda geçip ýeňiji boldy. Ýoluň ugrunda jemi 3 müň 100 sany deň bolmadyk basgançakly merdiwan, beýikli-pesli we egrem-bugram ýerler bardy, üstesine ýagyş hem ýagdy.
Arkasynda 10 kilogramdan agyr ýük daşamak kategoriýasynda «LINXAI Robotics» kompaniýasynyň işläp taýýarlan roboty 1 sagat 51 minut 29 sekuntda pellehana gelip birinji boldy. Ýaryşa jemi 90 topar gatnaşdy.
Gülzada Geldimuhammedowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








