Käbir adam hasap-hesibe o diýen ökde bolmaýar, käbir adam iki basgançakly sanlary ýatdan hasaplap bilýär. Eýsem, takyk bilimleriň ählisi üçin zerur bolan matematika barada käbir gyzykly maglumatlary okamak hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.
“Matematika” sözi gadymy grekçedäki “men bilýän” diýmegi aňladýan “matesis” sözünden gelip çykýar. Wagtyň geçmegi bilen bu söz grekçede hem üýtgäp “mathematikós” bolupdyr. Bu söz bolsa, “öwrenmegi halaýan” diýmegi aňladýar.
Näme üçin wagt hasabynda 60-lyk bar – bir sagat 60 minut, bir minut 60 sekunt? Muny wawilonlar matematika girizipdirler. Diametriň 360 dereje bolmagy hem şol döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar.
Kwadrat kök belgisiniň manysy bolsa iňlis dilindäki “kök” diýmegi aňladýan “root” sözüniň “r” harpyndan döredilen.
Mälim bolşy ýaly, arap (onluk) belgiler ulanylmazdan ozal, Rim sifrleri (I, II, III, IV, V, VI, VII, VIII, IX, X…) ulanylýardy. Bu sifrler häzirki wagtda hem käbir ýurtlarda adam atlarynda ýa-da sene ýazylanda ulanylýar. Rim sanlarynda 0 belgisi ýok.
Matematikada “x”, “y” harplary adatça nämälim sany aňlatmak üçin görkezilýär. Bu harplaryň ulanylmagynyň sebäbi elipbiýiň iň soňunda ýerleşmegi bilen baglydyr.
Kakageldi Bäşimow, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň matematika we informatika kafedrasynyň mugallymy.