Öňümizdäki tomusda “Barselona” toparyndaky şertnamasy tamamlanýan Lionel Messiniň maşgalasy bilen bilelikde fransuz dilini öwrenýändigi habar berildi. Bu barada “Canal+”-yň habarçysy Joffri Garetie habar berýär. Bu bolsa Messiniň tomusky transfer möwsüminde PSŽ klubuna gitjekdigi barada myş-myşlaryň kem-kemden hakykata golaýlaşýandygyny aňladýar. Mälim bolşy ýaly, Messi häzirlikçe “Barselona” bilen täze şertnama baglaşmady. 33 ýaşyndaky super ýyldyzyň ady PSŽ bilen bir hatarda, “Mançester Siti”, “Inter” ýaly klublar bilen agzalýar.
PDF









