Şu ýylyň 5-9-njy apreli aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasy geçirildi. Parlamentara Bileleşigi dünýäniň köp sanly ýurdunyň parlamentlerini bir ýerde jemleýän halkara bileleşik bolup durýar. Bu bileleşigiň nobatdaky assambleýasyna 190 döwletiň hem-de 25-den gowrak halkara we parlamentara guramalaryň wekiliýetleri gatnaşdy. Şeýle iri parlament maslahatlaryna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy döwletimiziň döredijilikli başlangyçlarynyň giňden wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir.
9-njy aprele çenli dowam eden bu halkara forumyň çäklerinde 90-a golaý çäre we pikir alyşmalar geçirilip, onda durmuş ösüşinde parlamentiň işjeň ornuny artdyrmak hem-de giňeltmek babatda pikir alşyldy. Maslahatda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgesinden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adam saglygyny goramak, täze iş orunlaryny döretmek, gender deňligini üpjün etmek, ykdysadyýetiň ugurlaryny sanlylaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada dünýä jemgyýetçiligine maglumat berildi.
Üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlylyk görkezýän ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň abadançylygynyň bähbidine parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär we olaryň goldanylmagyny gazanýar, häzirki zaman gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyny yzygiderli ilerledýär. Bu ugurda parlament gatnaşyklaryna hem uly ähmiýet berilýär.
Arslan ÝEDIBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.