Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň braziliýaly ýyldyzy Winisius Junior hem klub satyn alanlaryň hataryna goşuldy. Portugaliýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýän “Alwerka” toparynyň iň uly paýnamasynyň eýesi Rikardo Wisintin eýeçiligindäki 70-80 göterim paýyny aralarynda Winisius Junioryň hem bolan ispan we brazil maýadarlara satandygy mälim edildi. Bu barada Portugaliýanyň “Record” sport gazeti habar berýär.
“Alwerka” kluby häzirki wagtda 2-nji ligada 2-nji orunda barýar. Düzüminde 15 sany brazil futbolçysy bolan klub taryhynda 5 gezek ýokary liga çykypdy.
“Real Madridde” klub satyn alan diňe Winisius Junior bolman, geçen ýyl Kilian Mbappe hem 20 million ýewro Fransiýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýän “Kann” toparynyň 80 göterimlik paýnamasyny alypdy.