UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň iň esasy duşuşygynda soňky çempion “Real Madrid” güýçli garşydaşyny, öňki möwsümiň çempiony “Mançester Sitini” ýaryşdan çykardy. Geçen hepdede 3-2-lik ýeňiş bilen Madride dolanan “Real” öz meýdançasynda 3-1 hasabynda “Mançester Sitini” ýeňlişe sezewar etdi. “Real Madride” ýeňiş getiren gollaryň 3-sini hem Kilian Mbappe öz adyna ýazdyrdy. Ol 4, 33-nji we 61-nji minutlarda tapawutlanyp, “Realyň” köýnekçesini bilen Çempionlar Ligasyndaky ilkinji, umumylykda-da 2-nji het-trigini etdi. Duşuşygyň ahyryndaky Niko Gonzalesiň goly diňe skorbordyň bir gapdalyndaky sany üýtgetdi. Netijede, “Real Madrid” 2 oýunda 6-3 hasabynda ýeňiş gazanyp, basssyr 28-nji gezek 1/8 finala çykdy. Soňky 3 oýunda “Real Madridden” asgyn gelen Pep Guardiolanyň tälimçiligindäki bir klub ilkinji gezek 1/8 finala çykyp bilmedi. 11 ýyldan bäri 1/8 finala çykyp gelýän “Mançester Sitiniň” hem bu statistikasy tamamlandy. Şeýle-de, bu Guardiolanyň şu möwsümdäki 13-nji ýeňlişi hökmünde bellige alyndy. Guardiola 16 ýyllyk tälimçilik karýerasynda hiç bir topar bilen bir möwsümde 13 gezek ýeňilmändi. “Real Madrid” 1/8 finalda “Baýer” ýa-da “Atletiko Madrid” bilen duşuşar. Bijeler ertir, ýagny 21-nji aprelde, anna güni çekiler.