Gresiýa dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar durnuklaşan halatynda 14-nji maýdan jahankeşdeleri ýurda kabul etmegi maksat edinýär. Bu barada Gresiýanyň syýahatçylyk ministri Haris Teoharis habar berdi. Ministriň sözlerine görä, Gresiýa maý aýynyň ortalaryndan Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan, şol sanda Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlardan syýahatçylary kabul etmegi meýilleşdirýär. Synag üçin ýollary açmak aprel aýynyň başyndan başlamagy mümkin.
2021-nji ýylyň tomsunda jahankeşdeleri doly kabul etmek meýilleşdirilýär. Ýurda girýän syýahatçylaryň sanjym resminamasynyň hem-de pandemiýa barlagyndan geçen bolmagy esasy şert hasaplanýar. Şeýle-de BMG häzirki wagtda syýahatçylary çäklendirmesiz kabul edýän ýurtlaryň sanawyny mälim etdi. Bular Albaniýa, Dominikan Respublikasy, Tanzaniýa, Kosta-Rika we Demirgazyk Makedoniýa.